20.02
2019
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ynanç hatyny gowşurdy.
20.02
2019
Şu gün agşam Owgan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen geldi. 21-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçiriler.
20.02
2019
Türkmenistan ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, olary tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýar. Amatly geosyýasy we ykdysady ýagdaýy, uglewodorodlaryň baý ýataklary, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ýöredýän syýasaty netijesinde Diýarymyz soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumynda eýeleýän ornuny halkara derejede berkitdi.
20.02
2019
Ministrler Kabinetiniň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy sanlaşdyrma ulgamyna esaslanan ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin, ilkinji nobatda, bu işe gatnaşjak ýaşlary okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
20.02
2019
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde Türkmenistanda raýat, hususy, hojalyk başlangyçlarynyň ýüze çykmagy üçin hemme şertler döredilýär.
19.02
2019
Şu gün Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäresine indiden beýläk okruglaryň ählisinde saýlawlara taýýarlyga monitoring geçirjek milli synçylar hasaba alyndy. Olara degişli şahadatnamalar berildi.
19.02
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektoryna “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasyna” Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.
19.02
2019
Türkmenistanda ähli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary bilim ulgamyny hem öz içine alýar. Hut şu ulgam ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň ilerledilmegi, sanly ykdysadyýetiň we bilimler jemgyýetiniň kemala gelmegi üçin esasy ugur bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
19.02
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykda, ýurdumyzda senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar.
18.02
2019
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahat geçirildi.