Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlawlara milli synçylary hasaba almak işi başlandy
Jemgyýet
Saýlawlara milli synçylary hasaba almak işi başlandy
Çap edildi 19.02.2019
1724

Şu gün Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäresine indiden beýläk okruglaryň ählisinde saýlawlara taýýarlyga monitoring geçirjek milli synçylar hasaba alyndy. Olara degişli şahadatnamalar berildi. Ozal habar berlişi ýaly, okruglaryň ählisinde bir ýere birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlary giň bäsleşikler esasynda geçirmek ýörelgelerine laýyk gelýär we ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri giňeltrmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatynyň üstünlikere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Oňa millli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklygyna we aýanlygyna ýardam eder. Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramlaryndan, şeýle hem raýatlaryň toparyndan synçylaryň jemi 284-si, şol sanda Ahal welaýaty boýunça -68-si, Balkan welaýaty boýunça -17-si, Daşoguz welaýaty boýunça -61-si, Lebap welaýaty boýunça -57-si, Mary welaýaty boýunça 64-si we Aşgabat şäheri boýnuça 17-si hasaba alyndy. Olar üçin okuw seminarlary gurnaldy, olaryň dowamynda synçylar saýlawlar baradaky milli kanunçylykdaky özgertmeler, öz hukuklary we borçlary, saýlawlary geçirmegiň tertibi, şeýle hem saýlawdan deslapky çärelere gözegçiligiň halkara tejribesi bilen tanyşdylar. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutylary möhürlenmegine gatnaşarlar, ses bermek başlanmazdan öň saýlaw uçastoklaryna bararlar, onuň barşyna, sesler sanalanda, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenende we umumy netijeler jemlende olara gatnaşarlar. Mundan başga-da, olar çäräniň guralşynyň derejesine we ýurtda hereket edýän kanunçylygyň berjäý edilişine baha bererler, raýatlaryň erk-islegleriniň azatlygyny we saýlawlaryň demokratiýa ýörelgelerine laýyk geçirilmegini üpjün ederler.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow