03.11 2025

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

03.11 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

03.11 2025

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

03.11 2025

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

02.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. 

02.11 2025

Şu gün biz Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desgany, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini dabaraly açyp ulanmaga bereris. Men siziň ähliňizi Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, şeýle-de täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

02.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

02.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.

02.11 2025

Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.

01.11 2025

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

1509 sahypa
Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär