Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 02.11.2025
135

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat, ulag infrastrukturasyny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler durmuşa geçirilýär, şäherleriň, ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

...Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyran waka boldy. Döwlet Baştutanymyz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşylýandygyny, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň senagatyny innowasion esasda ösdürmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokary tehnologiýaly, eksporta niýetlenen önümçilikler döredilýär. Netijede, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda hem ýurdumyzyň bu ugurdaky ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňden beýan ediljekdigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.

Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, karbamid öndürýän döwrebap toplumyň gurulmagy himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ilerlemegine uly goşant bolar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine uly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýandygyny, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini belledi.

Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir. Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler. Täze köpri we awtomobil ýoly ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýändigini aýdyp, deňiz suwuny arassalaýjy bu desganyň Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtady.

Umuman, ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we geljekde-de Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra alypbaryjy hormatly Prezidentimizden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Şol pursatda agyz suwuny arassalaýjy desganyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.

Soňra Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş edip, ulanyşa girizilýän täze desganyň diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döredip berýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hünärmen döwlet Baştutanymyzdan bu möhüm desgany işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Soňra bu desga barada ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap suw desgalary gurlup ulanmaga berilýär. 8 gektar meýdanda ýerleşýän, Ýewropanyň ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylan, deňiz suwundan bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge ukyply bolan bu täze suw desgasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Soňra dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi hem-de Balkan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi.

Hormatly ýaşulular we mährem eneler täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny kesdiler. Şol pursat täze köpriniň üstünde ýörite taýýarlanan ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi. Soňra köpriniň mümkinçilikleri baradaky wideofilme tomaşa edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlan, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir.

Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Şonuň ýaly-da, ol Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany özara birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegidir. Täze awtomobil köprüsi ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem bu ugur Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.

Kämilleşdirilen ýol-ulag gatnawy ýerli kärhanalara goňşy ýurtlar bilen serhetýaka söwdalaryny amala aşyrmaga goşmaça mümkinçilikleri döreder. Täjirçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýol howpsuzlygynyň ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, awtomobil ýolunyň belli bir aralyklarynda hyzmat ediş zolaklary üpjün ediler.

Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi.

Çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan belent sepgitlere ýetip, ynamly ädimler bilen öňe barýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, döwlet tarapyndan himiýa senagaty pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär we bu ugra iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ahmet Çalyk ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşjak täze desganyň gurluşygyna öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hem gatnaşmagyna örän buýsanýandygyny belläp, şu günki dabara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Türkiýeli işewür Türkmenistanyň gysga wagtyň içinde dünýäniň senagat taýdan çalt depginlerde ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilkinji nobatda, ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna we mineral dökünleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda gurluşygyna badalga beriljek karbamid öndürýän toplumyň hem tebigy gazdan karbamid döküniniň önümçiliginde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasy hökmünde himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösmegine saldamly goşant goşjak, öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan, täzeçil, ekologik taýdan arassa çözgütleri özünde jemleýän bu täze toplumyň gurluşygyna jogapkärçilikli çemeleşjekdigimize hem-de ony ýokary hilli ýerine ýetirjekdigimize ynandyrmak isleýärin» diýip, Ahmet Çalyk aýtdy we ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýe bolan bu täze taslamanyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Soňra «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito çykyş edip, ilki bilen, Türkmenistanda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň goldawlary netijesinde «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. Şu gün düýbi tutulýan toplumyň gurluşygynyň ynanylmagy hem bu kompaniýanyň wekilleri üçin aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň diplomatik başlangyçlary, durmuşa geçirýän daşary syýasaty nusgalyk häsiýete eýedir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Eisaku Ito abadan, inklýuziw we durnukly geljegi gurmak üçin ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Işewür Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýandygyny belledi. Şu ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa sapar bilen bardy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Osakada geçirilen “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy, şeýle hem ýokary derejede birnäçe duşuşyklary geçirdi. Eisaku Ito ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň 2018-nji ýylda Türkiýäniň “GAP Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalary bilen bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody gurandygyny, şu günki düýbi tutuljak karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny hem «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň “GAP Inşaat” kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirjekdigini aýdyp, munuň Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory çykyşynyň ahyrynda öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmaga mundan beýläk-de goşant goşmagy maksat edinýändigini belläp, hemmeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi.

Häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Karbamid öndürjek toplumyň gurluşygy Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» we Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň tehnologiýasy we tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň «Topsoe» kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid önümçiligi Germaniýanyň «ThyssenKrupp», kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli serişdeleri ýokary derejede peýdalanmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Şunda mineral dökünleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Toplumda öndürilen önümleri dünýä bazaryna çykarmak üçin anyk işler durmuşa geçiriler. Hususan-da, täze toplumyň taýýar önümlerini eksport ýollary arkaly daşamak üçin Gyýanly gämi duralgasyny abatlamak, bar bolan demir ýoly täze topluma çenli uzaltmak, bu toplumy Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler senagat önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Bu döwrebap awtomobil ýoly jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Jemi uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap awtomobil ýoly Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýynda guruljak aýlawly çatryga çenli aralykdaky menzili öz içine alar. Bu aýlawly çatrykdan hem Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.

Ýoluň hil derejesi dürli gatlardan ybarat bolan döwrebap usullar arkaly üpjün ediler. Tekizlenip, basgylanan toprak gatlagynyň üstünden geotekstil, 30 santimetr galyňlykdaky iri däneli çagyl-çäge garyndysy, 20 santimetr galyňlykdaky ownuk däneli çagyl-çäge garyndysy, 8 santimetr galyňlykdaky öýjükli iri däneli gyzgyn asfalt-beton, 7 santimetr galyňlykdaky dykyz, iri däneli gyzgyn asfalt-beton we jemleýji gatlak hökmünde 5 santimetr galyňlykdaky dykyz, ownuk däneli, gyzgyn asfalt-beton ýazylyp, basgylanar. Bir sagatda 580, 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany awtoulaga hyzmat etjek bu häzirki zaman awtoulag ýolunyň ugrunda 8 sany awtobus duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýolunyň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyk-taslama işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz bu şanly waka — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Milli lybasly, eli pilli oglan hormatly Prezidentimizden karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady.

Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde ulanyljak tehnikalar bilen tanyşdy. Bu tehnikalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, göz öňünde tutulan gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.

Bu ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

***

Şu gün «Awaza» sport toplumynyň çäginde ýörite gurnalan göçme sadaka jaýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşyny ileri tutulýan ugur edinýändigini we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.

Soňky habarlar
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky çykyşy
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
02.11
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
01.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.11
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow