Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 01.11.2025
94

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi we bu babatda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, geçirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de kazylaryň bilimini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belläp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligi ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli bähbitlerini ygtybarly goramak, şeýle hem milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanylmaga berlen döwrebap toplumlar we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy hem-de onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, şeýle hem harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem dowam etmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, raýatlaryň hukuk babatda düşünjesini ýokarlandyrmak hem-de ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmagyň, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini belläp, adalat ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelýändigine gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň, Gullugyň işine ösen dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şeýle hem Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gullugy ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi we Gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerine laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.11
Türkmen manady – ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň nyşany
01.11
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna
31.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary dabaralanýar
29.10
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
29.10
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow