Şu gün paýtagtymyzda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda — eziz Watanymyzda her täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda şeýle sergini guramak asylly däbe öwrüldi. Sergi şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemleýän meýdança bolup hyzmat edýär.

Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen meýdança köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar.

Çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary we tansly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. “Jahan” döredijilik merkeziniň sungat gurnaklaryna gatnaýan çagalaryň çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Mälim bolşy ýaly, döredijilik merkeziniň çagalary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän festiwallara, medeni çärelere işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak işine goşant goşýarlar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz halkara gözden geçirilişiň ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini baýlaşdyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, häzirki döwrüň bilim ulgamynyň sanly dünýäni paýhas bilen birleşdirýän çäksiz mümkinçilikler ummanyna öwürmek bilen, ýaşlaryň her birine öz geljeginiň açarynyň eýesi bolmagyna ýol açýandygyny belledi. Ol diňe bir bilim bermegi däl, eýsem, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we döredijilik ukyplarynyň kemala gelmegini höweslendirmegi hem öz içine alýar.

Soňra ýygnananlar halkara sergi-ýarmarkanyň gyzykly we özüne çekiji diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary taýýarlaýan, şeýle-de ýokumly iýmit garyndylaryny öndürýän kärhanalarynyň 100-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine hem-de “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan sergi diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergileri, lukmançylyk maksatly serişdeleriniň satyn alynmagy üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz körpe nesli atalyk aladalary bilen gurşap, durmuş ýagdaýlary sebäpli hossarsyz galan çagalaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ähmiýet berýär.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy häzirki wagtda çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem-de gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Kärhana Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berlendir. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda öndürilýän, görnüş babatda yzygiderli baýlaşdyrylýan ýokary hilli çaga iýmiti hem-de lukmançylyk serişdeleri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.

Halkara sergi-ýarmarka golaýlap gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelere dürli okuw esbaplaryny we lybaslaryny satyn almak üçin amatly teklipleri hödürleýär. Şunuň bilen baglylykda, Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär. Gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan okuwçylar üçin esbaplaryň köp görnüşleri jemlenen özboluşly mekdep bazary döredilipdir. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýerli hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek.

Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler öz beýanyny tapýar. Şeýle döwrebap şertleriň döredilmegi netijesinde mekdep okuwçylary halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş nesliň kadaly dynç almagy hem hemişe üns merkezinde saklanylýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine degişli sergi diwarlyklarynda tomusky dynç alyş möwsüminden şadyýan pursatlar şöhlelendirilipdir. Şu möwsümde çagalaryň müňlerçesi Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerde dynç alyp, saglygyny berkitdi. Munuň özi olaryň okuw ýylyna täze güýç, uly ruhubelentlik bilen başlamaklaryny şertlendirýär.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň diwarlygynda çagalar üçin hödürlenilýän multfilmler we dürli suratlar bilen milli öwüşginde bezelen kitaplar tanyşdyrylýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçirýär hem-de beýleki döwletler, abraýly halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz — eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalalaryň maddy-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagy, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar.

Dört günläp dowam etjek forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Halkara sergi-ýarmarkanyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly döwletlerden iri kompaniýalar bar.

Halkymyzyň köp çagalylyga, köp çagaly maşgalalara hemişe aýratyn hormat bilen garaýandygyny nazara alyp, sergini guraýjylar pawilýonlaryň bezeginde bu ugra aýratyn üns beripdirler. Sergi diňe bir işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmekleri üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ene-atalar we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäreleriniň toplumyny özünde jemleýär. Ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar ýaşajyk raýatlarda uly şatlyk döretdi. Her dürli oýunjakly, stoluň üstünde oýnalýan oýun görnüşli we pikirlenişi ösdürýän okuw gollanmaly diwarlyklaryň öňi has köp adamly boldy.

Ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Döwletimiz soňky ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan, “Türkmenistanda öndürildi” haryt nyşanly önümleri daşarky bazarlarda işjeň ýerlemek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Milli azyk senagatynyň önümleri — ajaýyp tagamy we hili bilen tapawutlanýan çaga iýmitleri, miwe içgileri, gazlandyrylan suwlar, süýji-köke önümleri alyjylaryň uly islegine eýe bolup, giňden tanalýar. Ýerli önüm öndürijileriň bu ýerde görkezilýän harytlarynyň kabul edilen halkara ölçegleriň ekologik, gözellik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we bezelendigini bellemek gerek. Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga ýöriteleşen iri söwda torlary hem bar.

Bilim merkezleriniň diwarlyklarynyň ýanynyň köp adamly bolmagy halkymyzyň ylym-bilime, ýaş nesliň terbiýesine uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Çünki ösen aň-düşünjeli, ýokary ahlakly ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir. Bu ýerde geljekki hünärleri ele almak, daşary ýurtlaryň belli ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin maslahatlary almak bolýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmegi, takyk bilimleri özleşdirmegi üçin uly şertler bar. Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlaryň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi düşnüklidir. Bu ýerde okuw üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri amatly bahadan satyn alyp bolýar. Däbe görä, tomsuň soňky aýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde her ýyl ýaýbaňlandyrylýan mekdep bazarlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem islegiňe görä mekdep lybaslaryny, aýakgaplary, okuw torbalaryny, ýazuw depderlerini we beýlekileri saýlamaga mümkinçilik bar.

Sergä gatnaşýan döwlet we hususy düzümlere, daşary ýurt kompaniýalaryna öz alyp barýan işleri, önümleri, hödürleýän hyzmatlary bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmaga amatly şertler döredildi. Şu gezekki sergä ýaşajyk raýatlaryň işjeň gatnaşmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Bu ýerde çagalar üçin interaktiw oýun zolaklary döredilipdir. Gözden geçirilişiň çäklerinde çagalar üçin güýmenje tehnologiýalara uly ähmiýet berildi. Ýörite gurnalan zolaklarda tebigat, tehnika, anatomiýa ýaly ugurlarda oýunlar arkaly çagalarda geljekki hünärlere höwes döredilýär. Ýaşajyk türkmenistanlylar serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda döredijilik, aşpezlik we başga-da birnäçe gyzykly ugurlar bilen meşgullanyp, wirtual we sanly dünýä, ylmyň dürli ugurlary baradaky düşünjelerini artdyryp bilerler.

Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin köp sanly güýmenjelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary körpeleriň şatlykly gülkülerine beslendi. Çagalar üçin täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralary ýaş nesliň kitaba, bilim almaga we öwrenmäge höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň animator-multiplikatorlary tarapyndan döredilen ilkinji 3D ölçegli multserialyň görkezilişi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň çagalar üçin ýöriteleşdirilen güýmenje mazmunly “Nowça TV” sanly platformasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Sanly platformada çagalar üçin suratlar bilen bezelen elektron kitaplara, türkmen we daşary ýurt multfilmlerine we beýleki wideoşekilli eserlere möhüm orun berilýär. Sanly platformada ata-eneleriň çagalarynyň wagtyny nähili geçirişine gözegçilik edip bilmek mümkinçiligi onuň esasy aýratynlygydyr.


Serginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän küşt ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça iň zehinli ýaşajyk wekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýaryşa dünýäniň 10-a golaý ýurdundan ýaşajyk küştçüleriň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini görkezýär. Şeýle hem sergide çagalar Halkara mekdep küşt federasiýasynyň tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň küşt boýunça tälim beriji sapaklaryny alyp bilerler.


Halkara sergi-ýarmarka ata-eneler, bilim-terbiýeçilik işine gatnaşýan hünärmenler üçin-de peýdaly çärelere baýdyr. Çagany geljekki hünärlere ugrukdyrmak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy barada maslahat beriş geňeşmeleri gyzyklylygy bilen tapawutlandy.


Halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilýän günlerinde robot boýunça taslamalaryň, mental arifmetika ugrundan bäsleşikleriň, çaga lybaslarynyň görkezilişiniň guralmagy göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çäreler ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan çagalara diňe bir ýatdan çykmajak täsirleri we şatlykly duýgulary bagyşlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary çäksiz alada bilen gurşap alýan, ýaş nesliň sagdyn bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döredýän Watanymyza bolan söýgini hem artdyrýar.


Sergi-ýarmarkanyň şygary “Ähli zat çagalar üçin” bolsa-da, onuň çäklerinde geçirilýän çäreler dürli ýaşdakylary özüne çekýär. Sergi meýdançasy hemmeleri çagalygyň täsin we jadyly dünýäsine aralaşdyrýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzdaky bagtyýar çagalyk aýdyň şöhlelenmesini tapýar.


“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işini 22-nji awgustda tamamlar. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.