Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
Çap edildi 24.07.2019
1065

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy döwletiň Baştutanyny 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyp, goňşy ýurduň içeri hem-de daşary syýasatyndaky gazanylanlaryň onuň ady bilen üznüksiz baglydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, özbek Lideriniň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan netijeli işleri hem-de uly syýasy tejribesi we ussatlygy diňe Respublikada däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem çäksiz hormat we belent abraý getirdi. Türkmenistan doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýär hem-de ýakyn goňşusy we ygtybarly hyzmatdaş bilen döwletara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz iki halkyň arasyndaky gadymdan gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Prezident Şawkat Mirziýoýew geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeliliginiň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek babatda bähbitleriň umumylygy hem-de mäkäm syýasy erkiň bolmagy bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýurtlarymyzyň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki doganlyk döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat edýän täze iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklar telefon gepleşiginde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Munuň özi goňşy halklaryň taryhy taýdan kemala gelen köpasyrlyk ruhy-medeni ýakynlygy bilen şertlendirilendir. Taraplar söhbetdeşligiň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary bilelikdäki tagallalar netijesinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem iki döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk ruhunda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglygyny hem-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow