02.09
2018
Gyrgyz Respublikasynda açylan Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen pälwanlary dürli derejeli üç medal gazandylar. Täjik milli guşakly göreşi bolan “guştini milli kamarbandi” göreşi boýunça ýaryşlar ýygyndy toparymyz üçin netijeli boldy.
02.09
2018
Indoneziýada “Bung Karno” stadionynda XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu tomaşa ýaryşlary geçirýän ýurduň özboluşly milli öwüşginlerine beslendi. Ýagyş hem bu dabaranyň köpöwüşginli häsiýetine päsgel berip bilmedi.
31.08
2018
XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň on üçünji gününde biziň türgenlerimiziň gatnaşmagynda dzýudo boýunça jemleýji ýaryşlar geçirildi.
30.08
2018
Şu gün XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş göreşi boýunça bäsleşikleriň jemleýji güni boldy. Olar 90 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda, 78 kg çenli zenanlaryň arasynda geçirildi.
29.08
2018
Indoneziýanyň paýtagtynda dowam edýän tomusky XVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler şu gün dzýudo we kuraş göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.
29.08
2018
Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça “Bengaluru” hindi toparyny ynamly ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy.
28.08
2018
XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda kuraş boýunça ýaryşlarda medallary gazanmak üçin bäsleşikler başlandy. Şu günki gün Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin üstünlikli bolmady.
27.08
2018
ХVIII Tomusky Aziýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Däp boýunça, has uly agramdaky türgenler iň soňunda çykyş etdiler. Ýurdumyza 105 kilogramdan ýokary agramlyk derejesinde çykyş edip, dördünji orny eýelän Hojamuhammet Toýçyýew wekilçilik etdi.
26.08
2018
Häzirki wagtda dowam edýän tomusky Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmen türgenleriniň tutanýerliligine garamazdan Kemal Meredowyň (56 kilograma çenli) “ne-waza” görnüşinde mynasyp bolan bürünç medalyndan başga, olary ýeňşe örän ýakynlaşsalar-da, ýeňşi elden giderdiler.
24.08
2018
Şu gün, XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň altynjy gününde türkmen toparynyň gazananlarynyň üsti ýene-de bir bürünç medal bilen artdy. Munuň özi Aziýa oýunlarynyň taryhynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda “ne-waza” görnüşinde Türkmenistanyň ilkinji baýragydyr.