Baş sahypa
\
Sport
\
Üç günde — 17 medal
Sport
Üç günde — 17 medal
Çap edildi 04.09.2018
3226

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti medallaryň ýene-de bäşisi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda üç altyn, bir kümüş we bir bürünç medallar bar. Ýaryşa gatnaşýan halklaryň milli göreşiniň görnüşlerinde üstünlikli çykyş etmek biziň türgenlerimiz üçin oňat däbe öwrüldi. Ýygyndymyzyň türgenleri türkmen göreşinde uly üstünlige eýe boldular. Göreşiň bu görnüşinde altyn medallaryň üçüsi gazanyldy. 60 kilograma çenli agramlyk derejede Nowruz Eýeberdiýew, 70 kilograma çenli agramlyk derejede Rejepgeldi Gylyçnyýazow hem-de 80 kilograma çenli agramlyk derejede Arslan Ybraýymgulyýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar. Pählawany eýran göreşinde Rahat Bäşimow (80 kilograma çenli agramlyk derejede) kümüş medala mynasyp boldy. Muhammet Gurbanow 70 kilograma çenli agramlyk derejede gazak milli göreşinde bürünç baýragy eýeledi. Munuň özi hem ýygyndymyzyň türgeniniň netijeli çykyşy hasaplanylýar. Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň üç gününiň netijelerini jemläp, Türkmenistanyň ýygyndysynyň jemi 17 medal, şol sanda 8 altyn, 3 kümüş, 6 bürünç medal gazanandygyny bellemelidiris. Umumy medal hasabynda biziň ýygyndymyz 4-nji orny eýeleýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow