Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi
Sport
Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi
Çap edildi 07.09.2018
3212

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy. Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň tälimçisi Kerim Allanurow 57 kilograma çenli agramlyk derejesinde öz toparyna ýokary derejeli baýragy getirdi. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Rahat Bäşimow (74 kilograma çenli agramda) altyn medala mynasyp boldy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň üçünji ýyl talyby Parahat Bäşimow (82 kilograma çenli agramlyk derejede) ýaryşyň bürünç medalyny gazanmagy başardy. Oýunlaryň alty gününiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy eýýäm 27 medala — 10 altyn, 5 kümüş we 12 bürünç medala mynasyp boldy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow