“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.