Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgeni - erkin göreş boýunça halkara ýaryşyň baýrak eýesi
Sport
Türkmen türgeni - erkin göreş boýunça halkara ýaryşyň baýrak eýesi
Çap edildi 17.09.2018
3375

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy. Ýaryşyň birinji tapgyrynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ilkinji minutda belarusly garşydaşyny pilçesiniň üstüne taşlady hem-de arassa ýeňiş gazandy. Ýarym finalda biziň türgenimiz Russiýanyň pälwany bilen duşuşdy. Bu tutluşygy hem Döwletmyrat ynamly geçirdi. Ol ilkibaşdan ýagdaýlary ele alyp, hasaby 8:0-a getirdi. Göreşiň diňe soňlarynda D.Orazgylyjow aratapawudyň biraz azalmagyna mümkinçilik berdi hem-de finala çykdy. ABŞ-dan bolan türgen bilen jemleýji tutluşykda ildeşimiz birnäçe netijeli aşyrmalary geçirdi. Ýöne munuň özi ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Netijede, ol kümüş medal gazandy. Bu D.Orazgylyjowyň iri halkara ýaryşlarda ilkinji baýragy däldir. Onuň hasabynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bürünç medaly, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde Iwan Ýaryginiň Gran-pri ýaryşynda bürünç medaly we Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde göreş boýunça Aziýa çempionatynda gazanan bürünç medaly bar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow