Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynyň ikinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti dürli gymmatlykdaky medallaryň 9-sy — dört altyn, bir kümüş we dört bürünç medal bilen ýetirildi. Biziň türgenlerimize guşaklarda milli gyrgyz guşakly göreşi bolan alyş boýunça ýaryşlarda üstünlik ýar boldy. 100 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Seýdi Batyrow altyn medalyň eýesi boldy. Zenanlaryň ýaryşynda hem türkmen ýygyndy toparynyň gazananlarynyň üsti altyn medallar bilen ýetirildi. Şunda Laçyn Badaglyýewa (55 kg. çenli), Zuhra Madraimowa (60 kg. çenli) we Nasiba Surkiýewa (75 kg. çenli) tapawutlandylar. Arslan Aşyrgeldiýew (60 kg. çenli) ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hasabyna kümüş medal goşdy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna ildeşlerimiziň ýene-de dördüsi: Öwezgeldi Berdiýew — 100 kilogramdan ýokary iň agyr agram derejesinde, Rozymyrat Medow (70 kg. çenli), Gylyç Jumaýew (90 kg. çenli) hem-de zenanlaryň bäsleşiginde Jemal Owlýakuliýewa (65 kg. çenli) çykdylar. Şeýlelikde, milli täjik guşakly göreşi bolan “guştini milli kamarbandi” görnüşinde Annamyrat Myradow (altyn medal; 100 kg.-dan ýokary agram derejesi), Begenç Ýagmyrow (kümüş medal; 68 kg. çenli) hem-de Sylapberdi Nuryýew (bürünç medal; 82 kg.) tarapyndan düýn gazanylan üç medalyň üstüne şu gün dokuz medal goşuldy. «Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary — 2018-iň» ilkinji iki gününiň netijeleri boýunça türkmen ýygyndy toparynyň gazananlarynda 12 medal, olaryň bäşisi altyn, ikisi kümüş we bäşisi bürünç medallar boldy. Häzirki ýagdaýa görä, ýaryşlaryň umumy hasabynda biziň ýurdumyz üçünji orny eýeleýär.