Baş sahypa
\
Medeniýet
Medeniýet
26.09 2026

Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.

22.09 2026

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.

16.09 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, şu gün Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

10.09 2026

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

09.09 2026

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.

23.08 2026

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

28.07 2026

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

22.07 2026

Ýurdumyzyň sungat ussatlary şu ýylyň 16 – 18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara dostluk günleriniň çäginde guralan «Beýik Ýüpek ýoluna «Arirang» arkaly medeni syýahat» atly çärä gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar.

20.07 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

18.07 2026

Şu gün Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalarynyň birine öwrülen halkara medeni çäre iki ýurduň muzeý işgärleriniň özara tejribe alyşmaklary arkaly başlandy.

55 sahypa
Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara