Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň interzolak finalynyň duşuşyklary başlandy. Olaryň barşynda şu gün Aşgabadyň “Altyn asyr” topary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” topary bilen duşuşdy. Oýun türkmen topary üçin bähbitli bolan 2:2 hasap bilen tamamlandy. Duşuşyk ýeňil bolmady — biziň toparymyzda hasaby iki gezek deňlemeli ýagdaý bolup, ikisinde-de jogap pökgini geçirmek bilen, olar ýurdumyzda geçiriljek duşuşygyň öň ýanynda özleri üçin oňat ýagdaýy üpjün etdiler. Garşydaşlar bu duşuşyga ýeňlişsiz geldiler. “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogy ugrundaky bu ýaryşda alty ýeňiş gazandy we iki gezek deňme-deň oýnady. KHDR-iň topary bolsa rekord görkezijileri gazanyp, ähli oýunlaryny utdy, bu oýnuň öň ýanyndaky tapgyrda bolsa Singapuryň futbolçylaryndan 11:1 hasabynda üstün geldiler. Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan ýer eýeleri ýagdaýy ele aldylar. Aşgabatlylar, umuman, garşydaşyň hüjümine hötde gelýärdiler. Ýöne 15-nji minutda AFK-nyň Kubogynyň häzirki ýaryşynda köp pökgi geçiren iň oňat futbolçyny gözden saldylar, emma koreý futbolçylarynyň şatlygy uzaga çekmedi. Ildeşlerimiz bäş minutdan soň Wahid Orazsähedowyň tagallasy bilen jogap pökgini geçirdiler. Biziň bu futbolçymyz eýýäm üçünji oýunda pökgi geçirýär. Ýene-de on minut geçenden soň bolsa, Omandan bolan baş emin Ahmed Said Al Kaf garşydaşlaryň oýunçysyna “gyzyl” nyşanly oýundan çykmaga degişli ýagdaýy görkezip, “April 25-i” azlykda goýdy. Göräýmäge, san taýdan artykmaçlyk “Altyn asyra” peýda getirmeli, ýöne duýdansyzlykda koreý topary ýene-de öňe saýlandy. Aşgabatlylarda bir oýunçy artykmaçlykda oýnamak bilen, hasaby deňlemek üçin öňlerinde duşuşygyň tutuş ikinji ýarymy bardy. Emma hüjümler uzak wagtlap üstünlik getirmedi. Bir görseň, phenýanlylaryň goragçylary başarnykly hereket edýärdi, bir görseň, biziň hüjümçilerimize dürslük ýetmeýärdi. Ýöne erjel göreşiň netijesinde oýnuň 81-nji minutynda ildeşimiz Selim Nurmyradow örän gerekli we uzak garaşdyran pökgini derwezä geçirmek başardy. Netijeli 2:2 deňlik hasaby “April 25” toparynyň ýeňişleriniň rekord goýan tapgyrynyň arasyny böldi, biziň toparymyz üçin bolsa myhmançylykda iki pökginiň derwezä salynmagynyň netijesinde “Altyn asyr” toparynyň ýurdumyzda geçirmeli duşuşygynda Aziýa Futbol Konfederasiýasy — 2018-iň Kubogynyň finalyna ilkinji gezek çykmak ugrunda ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrdy. Şoňa görä-de, türkmen janköýerleri 3-nji oktýabrda paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda geçiriljek jogap oýnuna sabyrsyzlyk bilen garaşarlar.