Gyrgyz Respublikasynda açylan Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen pälwanlary dürli derejeli üç medal gazandylar. Täjik milli guşakly göreşi bolan “guştini milli kamarbandi” göreşi boýunça ýaryşlar ýygyndy toparymyz üçin netijeli boldy. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Annamyrat Myradow altyn medal aldy. Iň ýokary agram derejesiniň ýeňijisi oýunlaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolan “Çarwadarlaryň beýik göreşi” diýen bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. 68 kilogram agram derejesinde Begenç Ýagmyrow hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy, Sylapberdi Nuryýew (82 kg. çenli) bürünç medal gazandy. Şu gün agşamara Yssyk-Köl diýen ajaýyp tebigy kölüň kenarynda ýerleşen Çolpon-Ata şäherinde Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Owadan sahnalaşdyrylan şüweleňe 1,5 müň artist gatnaşdy. Oýunlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 1,2 müňden gowragy beýan edýär. Sport ýaryşlaryndan başga-da, “Çarwadarlaryň älemi” diýen halkara milli medeniýet festiwaly geçiriler. Sportuň 37 görnüşinde medallar ugrunda 60 ýurtdan bir ýarym müňden gowrak türgen bäsleşer. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ýaryşlaryň birinji gününde ýeňiş gazanmaga uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Iki ýyl mundan ozal geçirilen ýaryşlarda hem biziň türgenlerimiziň umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeländigi bu çaklamanyň esaslydygynyň subutnamasydyr. Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň maksady medeni köpdürlüligi hem-de halkara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak pikirini wagyz etmek ugrunda sportuň milli görnüşlerini täzeden dikeltmekden we ösdürmekden ybaratdyr. Şu ýyl ak bars ýaryşlaryň tumary hökmünde saýlanyp alyndy. Ýaryşlar 8-nji sentýabra çenli dowam eder.