Baş sahypa
\
Sport
\
XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy
Sport
XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy
Çap edildi 02.09.2018
3250

In­do­ne­zi­ýa­da “Bung Kar­no” sta­dio­nyn­da XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu to­ma­şa ýa­ryş­la­ry ge­çir­ýän ýur­duň öz­bo­luş­ly mil­li öwüş­gin­le­ri­ne bes­len­di. Ýa­gyş hem bu da­ba­ra­nyň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­ti­ne päs­gel be­rip bil­me­di. Ýyg­na­nan­lar In­do­ne­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de Azi­ýanyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti­niň çy­kyş­la­ry­ny şow­hun­ly elçar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň baş­tu­ta­ny To­mas Bah hem bar, ol on­dan ozal tür­gen­le­riň oba­sy­na bar­dy we onuň ýa­şaý­jy­la­ry bi­len söh­bet­deş bol­dy. Şeý­le hem to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şan­la­ry­nyň Hançžou şä­he­ri­ne (HHR) gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy, bu ýer­de 2022-nji ýyl­da no­bat­da­ky Azia­da ge­çi­ri­ler. In­do­ne­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan tans to­par­la­ry­nyň we ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ry da­ba­ra öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy. Ýa­ryş­la­ryň jem­le­ri­ni jem­le­mek bi­len, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň üç me­dal — bir kü­müş we iki bü­rünç me­dal alan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Kris­ti­na Şer­me­to­wa kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Bi­ziň bel­li agyr at­le­ti­ka­çy­myz 53 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de iň so­ňu­na çen­li al­tyn me­dal ug­run­da bäs­le­şip, gar­şy­da­şyn­dan ba­ry-ýo­gy bir ki­log­ram yz­da gal­dy. Şi­haz­ber­di Öwe­le­kow nus­ga­wy gö­reş­de 87 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de ýe­men­li bäs­de­şin­den üs­tün çy­kyp, bü­rünç me­da­la eýe bol­dy. To­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da jiu-jit­su bo­ýun­ça Ke­mal Me­re­do­wyň my­na­syp bo­lan bü­rünç me­da­ly Türk­me­nis­tan üçin spor­tuň bu gör­nü­şin­de il­kin­ji sy­lag­dyr. 56 ki­log­ra­ma çen­li agram de­re­je­de Ke­mal mon­gol bäs­de­şin­den üs­tün çyk­dy. Mun­dan baş­ga-da, ýa­ryş­la­ryň do­wa­myn­da bi­ziň tür­gen­le­ri­miz en­çe­me ge­zek ýeň­şe go­laý­la­dy­lar, bu bol­sa mil­li spor­tu­my­zyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Düýn, ýa­ryş­la­ryň jem­leý­ji gü­nün­de sam­bo bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di. 90 ki­log­ra­ma çen­li agram de­re­je­de il­deş­le­ri­miz Nur­ber­di­han Oraz­mu­ham­me­dow we Rus­lan Es­ge­row çy­kyş et­di­ler. Em­ma bu ge­zek ola­ra şow­lu­lyk ýa­ran bol­ma­dy. R.Es­ge­row di­ňe bä­şin­ji or­ny eýe­le­di. Şeý­le­lik­de, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. In­di bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze ýe­ňiş­le­re bes­len­me­li tä­ze ýa­ryş­lar ga­raş­ýar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow