Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
EKSPO-2017-de milli sergi bolümimiziň düýp özeni – energetika pudagynda innowasion taslamalar
Ykdysadyýet
EKSPO-2017-de milli sergi bolümimiziň düýp özeni – energetika pudagynda innowasion taslamalar
Çap edildi 10.06.2017
1872

Türkmen sergisi EKSPO-2017-de meýdany boýunça iň ulularynyň biridir. Onuň çeperçilik bezegi türkmen medeni mirasynyň keşbine öwrülen tanalýan gölleri bilen milli nyşanlar astynda gurnalypdyr. Häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň hem-de multimediýa enjamlarynyň, sensor panelleri bolan ýörite maglumat tagtalarynyň peýdalanmagynyň netijesinde bu ýere gelýänler Türkmenistan barada, köptaraply ykdysady we medeni kuwwatlyklar, ýurdumyzy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary we mümkinçilikleri barada doly düşünje almaga aýdyň şert döredýär. Giriş bölüminde sekizburçly ýyldyz görnüşinde uly monitor ýerleşdirilip, onda garaşsyzlyga eýe bolan pursatyndan bäri Türkmenistanyň geçen şöhratly ýollary, soňky ýyllaryň uly üstünlikleri barada wideofilm görkezilýär. Energetika pudagynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan ylmy işläp taýýarlamalar, innowasion taslamalar serginiň esasy mazmunyny özünde jemleýär. Bu ýerde Mary GES-niň çäklerinde bina edilýän utgaşdyrylan gazbug elektrostansiýasynyň maketini görmek bolýar. Onuň ýanynda ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny şekillendirýän energetika kartasy, elektrik geçirijiler ulgamy, gaz geçirijileriň bar bolan we taslamalary düzülýän ugurlary bar. Goňşy monitorlarda biziň elektrostansiýalarymyzy görkezýän şekiller hem-de şäheriň görnüşleri beýan edilýär. Şol ýerde hem “touchscreen”, ýagny üç dilde beýan edilýän elektron maglumatnama bolan sütün bar. Ondan soň, paýtagtymyzyň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlup, geçen ýyl ulanmaga tabşyrylan energetika desgalarynyň toplumynyň maketi ýerleşýär. Ol 220, 110, 35 we 10 kilowolt kuwwatlylygy bolan döwrebap paýlaýjy kiçi beketleriň onlarçasyny, Aşgabadyň tutuş energiýa ulgamynyň dolandyrylmagy amala aşyrylýan “Paýtagt” diýen dolandyryş merkezini özünde jemleýär. Diwarlykda, şeýle hem türkmen elektrik stansiýalarynda peýdalanylýan “General Electric” gazturbinasy beýan edilýär. Pudagyň uzak wagtdan bäri işläp gelýän, Murgap derýasynda 1913-nji ýylda gurlan desgasy Hindiguş elektrostansiýasydyr. Ýüz ýyldan gowrak wagtdan bäri işläp gelýändigine garamazdan, ol oňat ýagdaýda we işlemegini dowam edip, elektroenergetikanyň özboluşly muzeýi bolup durýar. Bu ýerde umumy kuwwaty 1,2 megawatt bolan gidroturbinalaryň 3-si oturdyldy. Türkmenistanyň energşiýa serişdeleriniň örän uly goruna eýedigini, elektroenergiýanyň önümçiliginiň bolsa däp boýunça dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanýandygyny bellemek gerek. Şundan ugur alnyp, bu geljegi uly pudaga maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli köpeldilýär. Häzir türkmen energetika senagaty ýokary ösüş depginlerini görkezýär hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektroenergiýanyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow