Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Palestinanyň kompaniýalary Türkmenistanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýärler
Ykdysadyýet
Palestinanyň kompaniýalary Türkmenistanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýärler
Çap edildi 04.05.2017
1855

Aşgabatda geçirilen türkmen-palestina işewürler maslahatynda hyzmatdaşlygyň häzirki mümkinçilikleri we geljekki ösüş ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Işewür duşuşyga Palestina döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň we Palestinanyň toparlarynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ykdysadyýetleriň häzirki ýagdaýy hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Palestinanyň kompaniýalary geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýärler. Maslahatda bank ulgamynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Onuň netijeli işi bolsa islendik işewürçiligi ösdürmek üçin kuwwatly itergi bolup durýar. Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly milli ykdysadyýetimizi özgertmekde ýurdumyz häzirki döwürde dünýäde durnukly ýagdaýy bolan döwletleriň hataryna girýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni alyş çärelerinden we sagdyn durmuş ýörelgelerinden başlap, täzeçil tehnologiýalary çekmek hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler gurulýar. Lukmançylyk we şypahana-dynç alyş ugurly dürli edaralar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürlenilýän hyzmatlary boýunça dünýä görkezijilerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyrylýar. Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri öz gezeginde Palestina Döwletine ýurdumyzda öndürilen we bäsdeşlige ukyply harytlary eksport etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri bilen Palestina Döwletiniň düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň meseleleri we hyzmatdaşlygyň möhum ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow