Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet saparynyň barşynda milli Liderimize Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň arasyndaky hazmatdaşlygy, türkmen we gruzin halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen ylmy at berildi. Bu şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň adyna köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda milli Liderimize hormatly adyň berilmeginiň Türkmenistanyň üstünlikleriniň halkara ykrarnamasynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy nygtalýar.
Gutlaglary iberenler türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine ägirt uly meýilnamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärler.
Türkmen döwletiniň Baştutanyny şanly waka bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, Ş.Durdylyýew, A.Goçyýew, B.Ereşow, B.Hojamuhammedow, R.Meredow, S.Satlykow, P.Taganow, S.Toýlyýew, A.Ýazmyradow, M.Ýazmuhammedowa tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A. Nurberdiýewa gutlady.
Türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri Ş.Durdylyýew, W.Hramow, G.Hojaberdiýew, K.Çaryýardurdyýew, A.Žadan, Y.Paromow iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow gutladylar.
Milli Liderimizi şanly waka bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy O.Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy R.Bazarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Baýramowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradow, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa we beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.