Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler
Çap edildi 06.04.2017
1783

Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň maslahaty, şeýle hem Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Koreýanyň söwda, senagat we energetika ministri Ju Hýan Wan we Maliýe biržasynyň 40-a golaý ýolbaşçylary we hünärmenleri, öňdebaryjy kompaniýalar we korporasiýalar, şeýle hem iri ylym-bilim merkezleri bolan wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmen tarapyndan maslahata ýurdumyzyň söwda we maliýe-ykdysady toplumynyň, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Işewürler maslahatynyň barşynda çykyş edenler ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Haryt dolanyşygynyň we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösmegi Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär. Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly serişde we eksport mümkinçiliklerini äşgär edýän mysallar görkezildi. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň doly döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnama kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň kämil tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyny nazarlaýar. Şunlukda, Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen “POSCO- DAEWOO” kompaniýasynyň arasynda täze metallurgiýa ulgamyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň geçirildi. Öz gezeginde Koreýa Respublikasynyň dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalar babatda öňdebaryjylar hökmünede ykrar edilen kompaniýalarynyň wekilleri öz taslamalary we teklipleri bilen çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly gaýtadan işleýän, hususan-da, gazhimiýa, nebithimiýa, himiýa senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda ýokary tehnologiýaly önümçiligi döretmek boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ekologiýa, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim, sport ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Myhmanlar milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler we bu ugurdaky täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksada laýyk boljakdygy bellenildi. Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, anyk ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça 2008-nji ýylda döredilen hökümetara toparynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýan ugurlar ikitraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň oňyn çözgüdini üpjün edýär. Şu gün bu toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Iki günlük mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meseleleri, iki ýurt üçin hem uly geljegi bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi. Koreýa wekiliýetiniň agzalary forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar Türkmenistan bilen Koreýa Respubliekasynyň arasynda däp bolan özara peýdaly dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow