Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
2017-nji ýylda Türkmenistanda 81 müň tonnadan gowrak şaly öndürmek maksat edinilýär
Ykdysadyýet
2017-nji ýylda Türkmenistanda 81 müň tonnadan gowrak şaly öndürmek maksat edinilýär
Çap edildi 24.03.2017
1813

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2017-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 81 müň 600 tonna şaly hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Oba we suw hojalyk ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Birata, Galkynyş, Garaşsyzlyk, Serdarabat, Farap, Sakar, Saýat, Garabekewül, Hojambaz, Halaç, Atamyrat, Köýtendag, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplarynyň we Seýdi şäheriniň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow