Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystan Respublikasynyň Prezidentinden
Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystan Respublikasynyň Prezidentinden
Çap edildi 20.03.2017
18856

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Biziň halklarymyz üçin umumy baýram bolan Nowruz mynasybetli hut öz adymdan we Gazagystanyň tutuş halkynyň adyndan ýollaýan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň. Goý, bütin adamzada şatlyk we abadançylyk bagyş edýän Nowruz baýramy dini ynanjyna we diline garamazdan hemmeleri agzybirlige we abadançylyga çagyrsyn, jebis we dostlukly halklarymyza köp bagtyýarlyk we şatlyk getirsin. Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek, dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk ruhunda ýola goýlan gatnaşyklaryň ýurtlarymyzyň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine pugtalanjakdygyna hem-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn. Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jogapkärli işiňizde uly üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen, Nursultan Nazarbaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow