Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda Özbegistanda öndürilen oba hojalyk tehnikalarynyň tanyşdyrylyşy boldy
Ykdysadyýet
Aşgabatda Özbegistanda öndürilen oba hojalyk tehnikalarynyň tanyşdyrylyşy boldy
Çap edildi 03.03.2017
2267

Aşgabatda Özbegistanyň oba hojalyk tehnikalarynyň “Uzagrotehsanoatholding” paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Özbegistandan wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde maşyngurluşyk, hyzmatlar we degişli kärhanalaryň wekilleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk önümçiliginiň, Ahal welaýatynyň daýhan birleşiginiň işgärleri, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň we Agrar partiýanyň agzalary gatnaşdylar. Dabarada Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýum we söwda ministri Elýor Ganiýewiň belleýşi ýaly, oba hojalyk tehnikalaryny ýerlemek we olara hyzmat etmek boýunça Tehniki merkeziň döredilmegi ägirt uly mümkinçilikleri bolan iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Türkmenistanyň çäginde özbek önüm öndürijileriniň wekili bolmaga hukuk berýän güwänama “Türkmen-UzAWTO” hojalyk jemgyýetiniň wekillerine gowşuryldy. Bu bilelikdäki kärhana Özbegistanda öndürilen awtoulaglary, şeýle hem obasenagat toplumyna niýetlenen tehnikalary ýerlemek hem-de olara tehniki hyzmat etmek işi bilen meşgullanýar. Tanyşdyrylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, özbek hyzmatdaşlary Aşgabatda iri Söwda-hyzmat merkezini gurmagy we welaýatlarda onuň şahamçalaryny açmagy göz öňünde tutýarlar. Türkmenistanyň çäginde oba hojalyk tehnikalaryny ýygnaýjy kärhananyň döredilmeginiň uly geljegi bolup, ol getirilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga, ýurdumyzyň maşyn gurluşyk senagatyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde soňky 10 ýylyň dowamynda Özbegistandan Türkmenistana umumy bahasy ABŞ-nyň 43 million dollaryndan gowrak bolan oba hojalyk tehnikalary we ugurdaş enjamlary getirildi. Şeýle hem olaryň hatarynda pagta ekijiler, bejergi enjamlary, traktor tirkegleri, olara niýetlenen ätiýaçlyk şaýlary bar. Bellenilişi ýaly, Tehniki parkyň döredilmegi bu hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegini üpjün eder. Dabara gatnaşyjylar “Türkmen-UzAWTO” binýadynda açylan we türkmen mehanizatorlaryny, tehnikany abatlaýan hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen okuw merkezi bilen tanyşdylar. Bu ýerde okuw gollanmalary, oba hojalyk tehnikalarynyň dürli enjamlaryny we abzallaryny görkezýän nusgalar, interaktiw okuw serişdeleri okuw möwsüminiň başlanmagyna taýýar edilipdir. Tehniki parkyň öňündäki meýdançada oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri görkezilýär. Olaryň hatarynda “MH-1,8” pagta ýygyjy maşynlar bar. Bellenilişi ýaly, 2014-2016-njy ýyllarda synagdan geçirilen pagta ýygyjy kombaýnlar Türkmenistanyň meýdan şertlerinde özüni görkezdi. Şeýle hem tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar gowaça ekýän enjamlar, kultiwatorlar, çizeller, pürküjiler, topragy ýumşadyjylar, ot ýygýan maşyenlar bilen tanyşdylar. Olaryň köpüsi ýurumyzyň oba hojalyk önümçiliginde özleriniň iň gowy häsiýetlerini görkezdiler. Özbek maşyn gurujylary sergide görkezilen nusgalardan başga-da, bagçylykda ulanylýan we 40-dan 2015-e çenli at güýji bolan sürüm traktorlaryny, däne ýygyjy kombaýnlary, tirkeg enjamlaryny hödürlediler.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow