Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 23.11.2026
1

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine pagta ýagy, nah mata we nah ýüplük, pagta süýümi, bugdaý uny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 373 million 184 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), pagta ýagyny, gazlandyrylan mineral suwuny, witaminleşdirilen alkogolsyz içgileri, buýan köküniň glisirrizin turşulygyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
21.11
M.N.AÝAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
21.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow