Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň söwda ulgamynyň ösüşi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini görkezýär
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň söwda ulgamynyň ösüşi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini görkezýär
Çap edildi 22.02.2017
2086

2016-njy ýylyň netijeleri boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän pudaklaryň içinde jemi önümiň goşulan bahasynyň ýokary ösüş depgini bolan 14 göterimden gowrak görkeziji söwda ulgamynda hasaba alyndy. Ozal hem bolşy ýaly, 2016-njy ýylda söwda pudagy ösüşiň durnukly depginlerini saklap, baş wezipäni ýerine ýetirdi – önümçiligiň ösmegine uly täsir etmek bilen, ilatyň harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerine bolan islegini üpjün etdi. 2016-njy ýylda jemi içerki önümiň düzüminde söwdanyň paýy 10 göterimden gowrak boldy (2015-nji ýylda 8 göterime golaý). Umuman, ýurdumyzyň sarp ediş toplumynda 1,2 milliarddan gowrak manat özleşdirildi, bu bolsa ýyllyk meýilnamadakydan 7 esse köpdür. Şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça iki esse ýokary. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl döwlet ulgamynda bölek haryt dolanyşygynyň ösüşi 10,6 göterime, döwlete degişli däl ulgamda bolsa 17,5 göterime barabar boldy. 2016-njy ýylda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça lomaý söwdany hem goşmak bilen umumy söwda dolanyşygy 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy. Daşary söwda barada aýdylanda bolsa, eksportuň möçberleriniň uly ösüşi elektrik energiýanyň iberilişinde – 16,7 göterim, mineral dökünleriň iberilişinde – 2,1 esse, sementiň iberilişinde – 8 esse, ýüňüň iberilişinde – 36,6 göterim hasaba alyndy. 2016-njy ýylda 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende, halylar we haly önümleri daşary ýurtlara 19 esse köp satyldy. Oba hojalyk önümleriniň eksport edilişinde möçberleriniň artyşy boýunça ilkinji orunlary bugdaýyň iberilişi – 2,3 esse, miweleriň iberilişi – 68,3 göterim, buýan köküniň ekstraktynyň iberilişi – 44 göterim, gök önümleriň iberilişi – 21,6 göterim eýeledi. Türkmenistanyň importy 2016-njy ýylda 2015-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim peseldi. Döwletimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän önümçilikleriň ösüşi ýurdumyza getirilýän käbir önümleriň görnüşleriniň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berdi. Ine, sarp ediş harytlarynyň getirilişi agzalýan döwürde 9,2 göterim azaldy. Şunda azyk önümleriniň getirilişi 20,4 göterim peseldi. Şeýle hem mebel önümleriniň getirilişi 20 göterim azaldy.Ýurdumyzda mebel önümçiligi esasan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň meşgullanýan işleridir. Türkmenistan 2016-njy ýylda dünýäniň 149 ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp bardy, şolardan esasy hyzmatdaşlar Türkiýe, Hytaý, Eýran, BAE, Russiýa döwletleridir.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow