Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çap edildi 21.11.2026
7

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan “akylly” şäherde alnyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen täze şäherde giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

...Ir bilen Milli Liderimiz Arkadag şäherine geldi. Häzirki döwürde “akylly” şäheriň çäklerindäki işler kesgitlenen wezipelere laýyklykda dowam edýär. Bu bolsa şäheriň gözelligine görk goşup, onda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işler, binalaryň bezeg aýratynlyklary hem-de enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ikinji tapgyrda gurluşygy dowam edýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taslamalary, toplumyň binalarynyň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, onuň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde Çeperçilik haly kärhanasynyň umumy görnüşine, onuň daşky hem-de içki bezeg aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, yşyklandyryş ulgamyna, Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamaga görülýän taýýarlyk işlerine we durmuş düzümine degişli desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Aýratyn-da, täze kärhananyň işiniň sanlylaşdyrylmagyna, onda täzeçil tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyna üns berilmelidir. Kärhananyň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň hili, olaryň uzak möhletleýinligi milli ýörelgeler bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Bu ýerde türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň ýerleşdirilmelidigini, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde, iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan täze kärhananyň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýere gelýänleriň halylaryň nusgalyk görnüşlerini synlap bilmekleri, halyçylyk sungatynyň taryhyna degişli gymmatlyklar bilen tanyşmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz haly kärhanasynyň çäklerinde halyçylyga degişli iş gurallarynyň goýulmagy, türkmen halylarynyň döreýiş taryhy we olaryň reňk aýratynlyklary, çitimleriniň sünnälenilişi barada ajaýyplyklaryň ýerleşdirilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi. Halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatlygy bolan halylar dünýä halklaryny haýrana goýup, uly ykrarnama eýe bolýar. Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmeniň bu gadymy sungaty, beýleki halylara garanyňda, inçeligi, sünnälenip dokalyşy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly kitaplarynda bu barada giňişleýin durup geçýär. “Ýüň ýüplükler üýşmek ýüňden ybaratlygyndan ädimme-ädim ähli tapgyrlary geçip, älemgoşaryň bar öwüşginlerini alyp, çogdam ýagtylyk bolup, nagyşlara we keşdelere öwrülip, ajaýyp haly bolupdyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy haly kärhanasynyň mejlisler zalyna degişli taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bu ýerde goýuljak enjamlaryň, oturgyçlaryň kärhananyň ähmiýetine laýyk seçilip alynmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz kärhananyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, onuň bölümleriniň hemmesinde arassaçylyk hem-de abadançylyk talaplarynyň berk berjaý edilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, aýratyn-da, Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz iň täze innowasiýalary özünde jemleýän täze şäherde şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda Arkadag şäherine mahsus ýörelgeleriň, onuň sazlaşykly ösüşiniň, şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk dabaralarynyň köpöwüşginli häsiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, milli senenamamyzda wajyp orny eýeleýän şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigini belledi. Baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmegi ulular üçin-de, çagalar üçin hem täsirli bolmalydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen şekil taslamalary we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, gurulýan desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşyk işlerine, olaryň enjamlaşdyrylyşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Ol Milli Liderimize bu ýerde gurulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň hilini has-da gowulandyrmak, binalaryň döwrebaplaşdyrylyşyna mundan beýläk-de häzirki zamanyň täzeçil usullaryny, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, ikinji tapgyrda bina edilýän desgalary ulanmaga tabşyrmagyň möhletini uzaltmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we dürli maksatly desgalaryň häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň hut şu ýörelgelere esaslanmalydygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz gurluşyk işleriniň möhletini uzaltmak bilen baglanyşykly meseleleri hormatly Prezidentimiz bilen ylalaşmalydygyny belläp, bu babatda döwlet Baştutanymyza ýüzlenmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde bagtyýar maşgalalary täze jaýlara göçürip getirmek mynasybetli dabaralar guralar.

Halk Maslahatynyň Başlygy baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny belläp, Halkara Bitaraplyk gününiň, Täze ýyl baýramçylygynyň ýatda galyjy pursatlara beslenmegi ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz baýramçylyk günlerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynyň guralmalydygyny, köpöwüşginli dabaralaryň şäher ilatyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmalydygyny nygtady. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri kesgitlenen wezipeleriň jogapkärçilikli ýerine ýetirilmelidigini belläp, iş maslahatyny jemledi.

Soňra hormatly Arkadagymyz 30 müň adama niýetlenen Arkadagyň ruhy metjidiniň çäklerinde alnyp barylýan işler we metjidiň ugurdaş desgalarynyň gurluşygy hem-de onuň çäginiň bezeg işleri bilen tanyşdy. Gurluşykda bolşy ýaly, binalaryň bezeg işlerinde hem göze gelüwliligiň, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Milli Liderimiz metjidiň çäginde gurulýan sadaka jaýynyň içki bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp ýerine ýetirilen işler, binanyň yşyklandyryş ulgamy we onda ulanylýan reňkleriň aýratynlygy barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy binanyň howa çalşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, bu ýerde ýylyň ähli paslynda ýakymly howa gurşawynyň saklanmagynyň ýola goýulmalydygyny aýtdy we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi boýunça maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz şäheriň baş bezegine öwrülýän Arkadagyň ruhy metjidiniň çäklerini synlap, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgininiň has-da güýçlendirilmelidigine ünsi çekdi. “Metjidiň her bir desgasyna täzeçil usullar mahsus bolmalydyr. Şunda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlaryna laýyklykda, milli ýörelgeleriň ulanylmagy maksadalaýyk bolar” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu ugra degişli wezipeleri jikme-jik kesgitläp berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheri bagy-bossanlyga öwürmek, bu ýerde arassaçylyk hem-de abadançylyk işleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
21.11
M.N.AÝAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
21.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow