Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
Çap edildi 15.11.2026
1

Geçen hepde döwletimiziň durmuş-ykdysady we ruhy taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan halkara hem-de içerki syýasy ähmiýetli wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň mynasyp dowam etdirilmegi esasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Pagtany ýitgisiz ýygnap almak işine berk gözegçiligi üpjün etmek, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak we gögeriş alnan meýdanlara talabalaýyk ideg etmek, ýerine ýetirilen işler üçin öndürijiler, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygy nygtaldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýyl üçin meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda-da degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň ussat babadaýhanlarynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny, oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.

10-11-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň hemişe öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda dokma toplumlary, energetika, gazhimiýa pudaklary boýunça iri taslamalar, senagat kärhanalary, dürli maksatly binalar, ýüzlerçe beýleki desgalar bar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary — “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda köpýyllyk işewürlik hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşýandygy nygtaldy. Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleriň döredilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz türk kompaniýalarynyň “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Kioto teswirnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny hem-de düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Ählumumy ekologiýa gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen, 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň “Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy” diýip yglan etmek, Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek, Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek, BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak teklip edildi. Hormatly Arkadagymyz toplumlaýyn çemeleşmäniň sebitiň ýurtlaryna bar bolan soraglary netijeli çözmek üçin özara bähbitleri hasaba almaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlaýandygyny habar berip, bu işiň ylalaşylan guramaçylyk-hukuk gurallaryna we halkara standartlara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki halkara düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriljekdigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň, howa boýunça ählumumy forumlarda gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde geljekde hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen anyk we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Liderler sammitindäki çykyşy uly gyzyklanma döretdi hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň milli pawilýony ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň beýany boldy. Ekspozisiýa dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň ekologik taýdan arassa, suw we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan başlap, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ilerletmek boýunça toplumlaýyn başlangyçlary bilen tanyşdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi. Şol resminamalar howa gün tertibiniň, energetika geçişiniň, daşky gurşawy goramagyň hem-de suw serişdelerini dolandyrmagyň meselelerini öz içine alýar.

“COP31” maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) bilelikde guramagynda «Howa baradaky maglumatlardan tehnologiýalara: Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek» atly mowzuklaýyn mejlis geçirildi. Forum Türkmenistanyň Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerini dünýä ýaýmak, Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwalarynyň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyran iş saparynyň netijeleri hem-de onuň dostlukly türkmen-türk gatnaşyklaryny berkitmekdäki möhüm ähmiýeti hormatly Prezidentimiziň 13-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz Milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi makullady.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, 2027-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamak, nebitgaz pudagyna ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, oba hojalyk pudagynda, welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy, deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler bar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberildi.

Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda halkara Türkmen energiýa ylmy-amaly maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Mundan başga-da, 19-20-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Söwda-senagat edarasy tarapyndan ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2027-nji ýylda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, festiwallar barada hasabat berildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak boýunça birnäçe çözgütleri kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Resminama Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine hem-de Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna taýýarlygynyň çäklerinde gol çekildi.

14-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda “Depegum” söwda merkeziniň gurluşygyny gözden geçirdi, onuň bezeg işleriniň taslamalary, yşyklandyryş ulgamy we mahabat ekranlarynyň ýerleşdirilişi bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz degişli wise-premýeriň, paýtagtymyzyň häkiminiň, edaralaryň ýolbaşçylarynyň, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory Erdal Güneriň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda bölünip berlen serişdeleri netijeli peýdalanmagy, satyn alynýan enjamlaryň we gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini üpjün etmegi, milli binagärlik däplerini öňdebaryjy binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrmagy, işleri talabalaýyk derejede hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmegi, ekologik kadalary berjaý etmegi bu desganyň gurluşygyna bildirilýän esasy talaplaryň hatarynda kesgitledi.

Halkara Bitaraplyk gününi ýokary derejede bellemek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we milli ykdysadyýetde gazanýan bedew batly ösüşleri — parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň kepili” atly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň netijelerine aýratyn üns berildi.

Paýtagtymyzdaky Halkara okuw-ylmy merkezinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar döwrebap anyklaýyş, täze hirurgik bejeriş usullary, hünär taýýarlygy, düzüminde emeli aň ulgamy ornaşdyrylan innowasion lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy esasda amal edilmegi bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşdylar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň gazananlary, birnäçe möhüm ugurlarda durmuşa geçirilýän işler baradaky çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň senenamasy türkmen kinematograflarynyň täze üstünlikleri bilen baýlaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen, türki dilli ýurtlaryň 70-den gowrak kinematografynyň öz işlerini hödürlän «Gorkut ata» VI halkara kinofestiwalynda režissýor W.Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem festiwalyň çäklerinde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň “Ýeňişli ädimler”, “Küştdepdi” atly filmleri görkezildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, Watanymyzyň gülläp ösmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin ygtybarly binýady kemala getirmäge gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Soňky habarlar
15.11
Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitleri nazarlaýar
14.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
top-arrow