Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
Çap edildi 31.08.2026
19

Türkmen döwletiniň binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatyň esasy wezipeleridir. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmakda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri, 28-nji awgustda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdylar. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, möhüm syýasy waka — Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gutlaglaryny beýan etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, öz gezeginde, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn hoşallyk bildirdi we Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň mundan beýläk-de ýakyn özara hyzmatdaşlygy ösdürjekdiklerine, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Gazagystanda we Türkmenistanda geçirilýän köptaraplaýyn forumlara gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek emeli aň ulgamynda howpsuzlyk meseleleri boýunça Akaba prosesiniň mejlisine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny aýtdy. Gazagystanyň döwlet Baştutany şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üç möhüm sammitiň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň we Hazar ekologiýa sammitiniň işine gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, Türkmenistanyň XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama goşulandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşyk işlerine Milli Liderimiz tarapyndan ak pata berlipdi.

Täze Stomatologiýa merkezi stomatologiýa hem-de ýüz-äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkezde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Döwrebap enjamlar toplumy emeli aňyň kömegi arkaly maglumatlara gaýtadan seljerme geçirip, ýüz-aň böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz ýatymlaýyn otagda döredilen mümkinçilikler bilen tanşyp, näsagyň bejergi almagy bilen baglylykda, operasiýadan öň we soň özüni örän oňaýly hem-de rahat duýmagynyň wajypdygy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Stomatologiýa merkezini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.

28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde häzirki wagtda Mejlisde “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine hem-de başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen baglanyşykly işler durmuşa geçirilýär.

Şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Geçirilýän işleriň çäklerinde esasy üns tehnologik desgalaryň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegine, önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylyşyna gönükdiriler.

Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda jogapkärli möwsüm başlandy. Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini, pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Energetika pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleri açyp görkezjek ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini geçirmek boýunça teklip hödürlenildi. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasyny goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary, bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, ýurdumyzda okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. 2-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary, talyplary we okuwçylary bilen möhüm ähmiýetli umumy sapak geçiriler.

Täze okuw ýylynyň bosagasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilimiň ähli basgançaklarynda okuw maksatnamalaryny we usuly işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýaşlara ruhy-ahlak terbiýesini bermek meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyşlarda ukyplaryna, mümkinçiliklerine garamazdan, çagalaryň bitewi bilim gurşawynda bilelikde okadylmagyny üpjün edýän inklýuziw bilimi ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetde ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrmakda nusgalyk görelde bolup durýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine üns çekildi.

29-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz 30 müň adama niýetlenen metjidiň çäklerinde gurulýan muzeýiň binasynyň daşky keşbi we bezeg aýratynlygy bilen tanyşdy. Muzeýde gurnalan emeli aň tehnologiýalary, 3D animasiýasy bolan sanly tanyşdyryş ulgamy myhmanlara ahalteke atlarynyň taryhy, milli halyçylyk sungaty, ýurdumyzyň tebigaty barada giňişleýin maglumat berer. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyza çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi.

Saparyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda alnyp barylýan işleriň depginine aýratyn üns berdi. Döwrebaplaşdyryş işleriniň dowamynda at çapyşyklaryna niýetlenen ýoda täzelenip, at çapyşyklarynyň muşdaklary üçin has-da amatly şertler dörediler. Ýaşyl zolakly bölek gijeki çyralar bilen üpjün ediler. Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi mundan beýläk-de gowulandyrylar.

Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de atly gezelenç etdi. Saparyň ahyrynda Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň “Taýçanak” binasyndan “Polatly” binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller bilen tanyşdy we awtoýolda amala aşyrylýan hereketiň amatly bolmagy, ýoluň ugrunda döredilýän seýilgäh zolagynda atlaryň heýkelleriniň oturdylmagy boýunça maslahatlaryny berdi.

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Toşimisu Moteginiň ýurdumyza saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde wajyp ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, döwletara dialog diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga ýardam edýän Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «ITOCHU Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýapon kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2027 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow