Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
Teswirlemeler
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
Çap edildi 12.11.2026
47

Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek, halkara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenen şu ýylyň wakalarynda aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry bilen ynamly öňe barýan Watanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlary nazara alyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda netijeli dialogy öňe sürmek, bar bolan köptaraply hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça möhüm ädimleri ädýär.

Türkmenistanyň şu ýyl köptaraplaýyn formatlaryň ikisinde — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz bu wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşip, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, onuň täze, netijeli mehanizmlerini işläp düzmek boýunça birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Mälim bolşy ýaly, bu formatlardaky sammitler şu ýylyň 8-9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda çykyş etmek bilen, dünýädäki we sebitdäki çalt özgerýän ýagdaýlaryň, ýüze çykýan täze şertleriň aýratyn ünsi, dogry, öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin dürs baha bermegi talap edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşi, olaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hiliniň we tehnologik derejesiniň ýokarlandyrylmagy esasynda öz öňlerinde giň möçberli, strategik maksatlary goýup biljekdiklerine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşygyň ilkinji gezek resmi taýdan altytaraplaýyn formatda geçirilendigi bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Azerbaýjanyň goşulmagy döwletlerimiziň köpýyllyk özara ýakynlaşmagynyň, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigine düşünmegiň kanunalaýyk netijesi, halklarymyzyň ösüş ýoly bilen bilelikde, egin-egne berip öňe gitmäge bolan ymtylyşynyň beýany boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze tapgyrda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri barada aýdyp, ilki bilen, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, ýurtlaryň we halklaryň arasynda raýdaşlyk, agzybirlik, özara goldaw ruhuny saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda sebitlerde, olara ýanaşyk zolaklarda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň, möhüm halkara meseleler boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmegiň wajypdygy nygtaldy. Bu wezipeleri çözmekde ylalaşylan çemeleşmeleriň emele getirilmelidigini belläp, şeýle-de Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasatyna hemişe ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz halkara meýdançalarda bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmek üçin berk binýadyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz konsultatiw duşuşyklaryň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda altytaraplaýyn geňeşmeler formatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, senagat hyzmatdaşlygyna täze itergi bermek, çaltlandyrylan tehnologik ösüş üçin şertleri döretmek hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň geoykdysady ýerleşişi bilen bagly mümkinçilikler barada aýdyp, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika baglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleridir hereketleri işjeňleşdirmegiň hem-de olara doly derejeli mazmun bermegiň zerurdygyny belledi. Şunda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygy bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle-de beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler.

Giň mümkinçiliklere eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy meselesine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz şunda gürrüňiň diňe bir turba geçiriji ugurlar barada däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek, elektroenergetika ulgamynda durnukly arabaglanyşygy döretmek taslamalary barada-da gidýändigini nygtady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem hil taýdan täze özgertmeleri talap edýändigi nazara alnyp, senagat hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň çäklerinde özara biri-biriniň üstüni ýetirýän önümçilikleri döretmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Mundan başga-da, oba hojalygynda, aýratyn-da, gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlygy alyp barmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda ýurtlaryň howa hem-de geografik artykmaçlyklaryny doly derejede peýdalanmak, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly iri obasenagat toplumlaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalara çykmak gerek. Bu bolsa, öz gezeginde, ulag, gümrük we baha päsgelçilikleriniň aradan aýrylmagy bilen şertlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz has çeýe, netijeli shemalary, döwrebap usullary, elektron ulgamlary ornaşdyrmagy teklip etdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň arasynda söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, telekeçilik birleşikleriniň hem-de assosiasiýalarynyň netijeli başlangyçlarynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň ýerlikli boljakdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda tehnologik özgertme, bu ugurda formatyň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda hyzmatdaşlygyň görnüşlerini döretmek meseleleri barada aýratyn durup geçdi. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryny Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda Hi-Tech merkezleriniň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga çekmek geljegi uly ugurlaryň biri bolup biler. Ýakynda Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly» şäherler diplomatiýasy» başlangyjy hem-de oňa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagy uly mümkinçilikleri açýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hemişe ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagynda galýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz altytaraplaýyn mehanizmleri döretmegiň, hyzmatdaşlygyň mazmunly meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň, bu ugurda beýleki döwletler bilen netijeli dialogy ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Munuň özi halklaryň arasyndaky siwilizasion aragatnaşygyň, özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilelikde öňe hereket etmek üçin esasy syýasy we amaly binýatlary emele getirmäge, hemmetaraplaýyn çaltlandyrylan ösüş üçin şertleri döretmäge bolan ymtylyşyň aýdyň beýany boldy. Onuň altytaraplaýyn formaty bu maksatlary gazanmak babatda täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň dowamynda netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezdi. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda onuň işine işjeň gatnaşyp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde ylalaşylan meýilnamalary we wezipeleri ýerine ýetirmek, anyk netijeleri gazanmak üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde tagallalary utgaşdyrmagy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek bilen, mejlisiň GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmeginiň onuň tapawutly aýratynlygydygyny nygtady. Bu deňhukukly, özara hormatly we bähbitli häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm senedir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňeldilýär, ynsanperwer gatnaşyklar baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar, parlamentara hyzmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada sözüni dowam edip, hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika, infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2029-njy ýyly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilelikdäki işjeň, maksadalaýyk we ulgamlaýyn iş üçin ygtybarly binýatdyr.

Çykyşda GDA ýurtlarynyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemelidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyz Arkalaşyga agza döwletleriň onýyllygyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanmak bilen, onýyllygy GDA-nyň giňişliginde, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde amala aşyrmak boýunça degişli geňeşmeleri geçirmäge taýýardyr. Munuň üçin Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnama hukuk binýady bolup hyzmat edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýändigini tassyklady. Türkmen tarapynyň bu ugurdaky işi 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan makullanan Awaza syýasy Jarnamasyna esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňzi sebitiniň ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasy bolup durýandygyny nygtap, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar Hazar we Günbatar Hazar geçelgeleriniň, hususan-da, GDA goňşy ýurtlarda, sebitlerde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda ähmiýetini aýratyn belledi. Senagat we tehnologik hyzmatdaşlygyň, Arkalaşygyň döwletleriniň çäklerinde önümçilik zynjyrlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti-de artýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi dogry we anyk ugurlary görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi berk maksat edinýändigini nygtady. Halkara gün tertibi bilen baglylykda, ileri tutulýan wezipe hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny we halkara hukugy goramakda tagallalary birleşdirmek teklip edildi. Häzirki wagtda bu wezipe aýratyn ähmiýete eýe. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy şu ýylyň 24-nji iýulynda 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Awazada geçirilen mejlisi Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany we däp bolan medeni-ynsanperwer dialogy çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny nobatdaky gezek subut etdi.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň gerimini giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän bu ugurlarda oňyn başlangyçlary öňe sürmäge saldamly goşant goşýandygyny aýdyň görkezýär.

Halkara, sebit we sebitara hyzmatdaşlyk mowzugy barada gürrüňi dowam etmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 15-nji oktýabrda Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň başlyklyk etmeginde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşandygyny bellemek gerek. Türkmenistan geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda şu gezekki sammitiň çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýändigini belledi. Häzirki zaman halkara ýagdaýlary, täze wehimler döwletlerden parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ylalaşykly tagallalary talap edýär. Şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly”, 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlaryna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ugurlarda mümkinçilikleriň giňeldilmeginiň dialogyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Syýasy şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek, ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Umuman, Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ähmiýeti barha artýan sanly ulgamy hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz olaryň ulanylmagynyň halkara hukuga, ynanyşmak, ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýan howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy ýaly meselelere degip geçmek bilen, ýurdumyzyň bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belledi.

Ynsanperwer ulgamyň özara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz geňeşe gatnaşyjy döwletleriň taryhy baglanyşygynyň, baý medeni mirasynyň, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin berk binýady döredýändigini aýtdy. Türkmenistan akademiki alyşmalaryň giňeldilmegini, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak, netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi.

Türkmenistanyň synçy ýurt hökmünde işine işjeň gatnaşýan Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy hem okgunly häsiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň agzasy hökmünde alyp barýan uly işleri arkaly TDG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň bu abraýly guramanyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygynyň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda türki döwletleriň giň ykdysady mümkinçiliklere eýedigini, olary netijeli peýdalanmak üçin energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly gaýtadan işlemek ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Daşky gurşawy goramagy, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagy, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegi hem-de howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmagy häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen, bu ugurlarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen başlangyçlara ünsi çekdi.

Ankara iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hajettepe uniwersiteti tarapyndan halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň halkara giňişlikde amala aşyrýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna, döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary bahadyr.

Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän köpugurly diplomatiýanyň ekologiýa ugry bilen bagly mowzugynyň dowamy hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek. Milli Liderimiz forumdaky çykyşynda Watanymyzyň bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň sebit we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bu ulgamda ozal öňe süren tekliplerine degip geçmek bilen, hormatly Arkadagymyz Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlaýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ýene-de bir ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk edýän döwlet hökmünde 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda resmi taýdan badalga berlen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bilen bagly bölegini netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Howa bilen bagly meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň, bu ulgamda ählumumy hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň wajyplygyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň birnäçe başlangyjyny beýan etdi. Hususan-da, 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmek, gatnaşygyň täze inklýuziw görnüşini — Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek hem-de onuň çäklerinde Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy geçirmek teklip edildi.

Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä meteorologiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ykdysady gaznasy, beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar. Mundan başga-da, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek teklip edilýär. Daşky gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmek ugrunda-da çykyş edýär.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejeli sammitlerde öňe süren başlangyçlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňky habarlar
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
11.11
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
11.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
11.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşy
11.11
Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow