Baş sahypa
\
Resmi
\
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
Resmi
2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler
Çap edildi 26.06.2026
2380

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2027-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi hem-de hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow