Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
Çap edildi 12.05.2026
23

Geçen hepde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat ugrunyň yzygiderliligini alamatlandyrýan wakalara baý boldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzy innowasion esasda okgunly ösdürmek, parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr.

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gowaçanyň gögeriş alnan ýerlerinde we azyklyk ekinlere, bugdaý meýdanlaryna talabalaýyk ideg edilmegine, galla oragy möwsümine taýýarlyk görülmegine, pile boýunça bellenen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli amala aşyrylmagyna degişli meseleler aýratyn üns merkezinde boldy.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, däne öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 21-nji maýy — 11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Zyýaratçylar üçin ýörite uçar gatnawy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň serişdeleriniň hasabyna guralar.

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gruziýa bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hökümetara gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de netijeli ösdürilýär. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlykda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag-logistika ulgamy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugrudyr. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ünsi çekip, toparyň nobatdaky mejlisiniň netijeleriniň tagallalary birleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

7-nji maýda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar özara haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler. Toparyň agzalary eksport-import amallarynyň häzirki ýagdaýy, iberilýän harytlaryň, şol sanda nebithimiýa, dokma we oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Taraplar halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge, hususan-da, «Hazar deňzi — Gara deňiz» hem-de «Lapis Lazuli» ugurlaryna, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Gruziýanyň Poti portunyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ünsi çekdiler. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi, onda gazanylan ylalaşyklar berkidildi we meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda geçirilen taryhy ähmiýetli çärede çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde möhüm ornuny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda täze demir we awtoulag ýollaryny, döwrebap Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamynyň döredilendigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka bolandygyny nygtady.

«Gadamly» gämisi gury ýüklere niýetlenendir. Onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gämi her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr. Koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerli hünärmenler tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna halkara güwänamalar gowşuryldy. Hususan-da, täze gäminiň gurluşygynda öňdebaryjy inženerçilik taslamalary we gurnama işleriniň ýokary hili üçin Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology» kompaniýasynyň güwänamasy, zawodyň we gurlan gäminiň ekologiýa ýaly möhüm ugur boýunça ýokary halkara standartlara laýyk gelýändigi üçin Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore» kompaniýasynyň güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

“Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe doly taýýardygy barada hasabaty kabul edip, döwlet Baştutanymyz gäminiň gurluş aýratynlyklary we onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz kapitanyň haýyşy boýunça täze gämini işe girizmäge ak pata berdi.

Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň dört aýynda Balkan welaýaty boýunça senagat önümçiliginiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 6,6 göterim artdy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, welaýatda nebitiň çykarylyşy boýunça 1,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 4,4 göterim, elektrik energiýasynyň öndürilişi boýunça 4 göterim, ýod öndürmek boýunça 6,5 göterim, mineral dökünler boýunça 2,1 esse, nah ýüplükler boýunça 11 göterim ösüş gazanyldy. Hasabat döwründe çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 0,1 göterim, unuň öndürilişi 52,5 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 6,4 göterim, gök önümleriň öndürilişi 1,5 esse, etiň öndürilişi 0,5 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 25,8 göterim, tutulan balyklaryň möçberi 14,1 göterim artdy.

Häzirki wagtda welaýatyň çäginde iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 260-dan gowragynyň gurluşyk işleri dowam edýär. Hususan-da, Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna badalga berildi hem-de şol etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlarynyň we binalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gurluşygy alnyp barylýan 2 sany çagalar bagynyň, 2 sany umumybilim edarasynyň, 1 sany saglyk öýüniň, durky täzelenýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şu ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy, hereket edýän awtomobil ýollarynyň we köprüleriň durkuny täzelemek işleri dowam edýär.

Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan Hazar deňziniň ekologik ýagdaýy yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurda Hazarýaka sebitiň topografik kartasy döredildi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze tehnologiýalar taýýarlanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, edara-kärhanalaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekediň we deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Mejlisde 2026-njy ýylyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň başlangyjy bilen möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilip, halkara derejede köp sanly çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu ugurda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtady we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, institutda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi hem-de şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

9-njy maýda Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni bellenildi. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şol ýowuz ýyllaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyna oturdylan ýadygärliklere gül goýmak dabaralary geçirildi. Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu gazaply uruş döwrüniň dünýäniň ykdysady ulgamyna, ýurtlaryň medeni ösüşine, adamlaryň ykbalyna örän kyn synaglary getirendigini, aradan ençeme onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, pajygaly şol ýyllaryň hasratynyň tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde, milli bitewüligi we parahatçylygy dabaralandyrýan biziň halkymyzyň kalbynda hem agyr ýatlamalar hökmünde saklanyp, dünýäde parahatçylygy, dostlugy goramaga çagyrýandygy aýratyn bellenildi.

Häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň bähbidine wepat bolanlary hatyralamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Mejlisiň wekilleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar. «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýuldy.

Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşdy. Edermenligi üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldy, müňlerçe esgerler orden-medallar bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Berdimuhamet Annaýewiň Russiýanyň ýokary döwlet sylagyna — “Edermenligi üçin” medalyna mynasyp bolmagy Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz söweşen hem-de Ýeňşe uly goşant goşan türkmenistanly esgerlere çäksiz hormatyň nyşanydyr.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar we döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, uruş weteranlaryna, şeýle hem söweş meýdanlarynda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde işler ýerli aýratynlyklar göz öňünde tutulyp alnyp barylýar. Şunda gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hiline, desgalaryň estetiki taýdan guralyşyna, binagärligiň milli däpleriniň öňdebaryjy tejribe bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna hem-de ýylyň ähli paslynda özüne çekiji we amatly gurşawyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Toplumyň ýolunyň gurluşygy on gatlakdan ybarat bolup, ol örtügiň dürli daşky täsirlere durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ýol gurluşygyndaky şeýle usul sebitde ilkinji gezek ulanylýar.

Esasy üns atşynaslaryň işine we ahalteke bedewlerini saklamak üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirildi. Athanalaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini dolandyrmakda, şol sanda howa çalşygyny üpjün etmekde, atlary iýmlemekde, olaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmekde, bedewleriň oňaýly hereket etmegi we dürli çylşyrymly emelleri ýerine ýetirmegi üçin açyk hem-de ýapyk manežleriň, aýlaw ýodajyklarynyň talap edilýän derejesini saklamakda sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bedewleriň janköýerleri üçin tomaşaçylar münberlerinde oňaýly oturgyçlar gurnalýar, at çapyşyklaryna syn etmäge mümkinçilik berýän şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahata gatnaşmagy, «Gündogaryň merjeni» ady bilen guralan atly sport we gözellik bäsleşiklerinde behişdi bedewlerimiziň iň gowy häsiýetleriniň görkezilmegi hem ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da belende götermekde, atçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Dürli aralyklara geçirilen at çapyşyklarynda türkmen seýisleriniň bedewleri baýrakly orunlara eýe boldular. Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň iň gowy bedewleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Gündogaryň merjeni» atly halkara bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň ajaýyp Aýgytly atly bedewi ahalteke atlarynyň gözellik boýunça 22-nji dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi boldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
11.05
«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara
11.05
Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi
11.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 375 müň dollaryna deň boldy
10.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.05
Daşkentde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
top-arrow