Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
Jemgyýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
Çap edildi 08.03.2026
93

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy — Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir.

Häzirki wagtda türkmen zenanlary diňe bir maşgala ojagynyň eýesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar, döwletimiziň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşyp, jemgyýetde aýratyn orny eýeleýärler. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkeklerdir zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esasy binýada öwrüldi. Bu bolsa jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda demokratik we deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alynýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň çäginde zenanlaryň meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurdaky halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwletimizde zenanlaryň mertebesini belent tutup, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek durnukly ösüşiň özeni hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, bu babatda sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Geçen ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat munuň anyk güwäsi boldy.

Zenanlar Diýarymyzda bellenilýän her bir baýramçylyga özboluşly bezeg berýärler. Olaryň näzik elinden, döredijilik ylhamyndan dörän halylar, milli egin-eşiklerimiz, halk döredijiliginiň naýbaşy eserleri bolan läleler, hüwdüler, monjugatdylar, öleňler medeni mirasymyzyň kemala gelmeginde ähmiýetli orny eýeläpdir. Mähriban gelin-gyzlarymyzyň zehininden kemal tapan türkmen milli halyçylyk, keşdeçilik we ýüpekçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de muny doly tassyklaýar.

Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we edara-kärhanalarda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy.

Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler.

...Söwda-senagat edarasynda Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna geçirilen dabara şowhunly pursatlara baý boldy. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi, hoşniýetliligi, päk ahlaklylygy, berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa wasp edildi.

2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Bu joşgunly aýdymda Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi.

Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan we iňlis dillerinde aýdymlar ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy.

Dabara gatnaşyjylar «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ajaýyp tans halkymyzyň medeni we ruhy mirasynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanydyr.

Baýramçylyk dabarasy dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň beýanyna öwrülen «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly aýdym bilen jemlendi.

***

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Mährem zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çäreler şatlyk-şowhuna beslendi.

Soňky habarlar
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
06.03
A.T.ATAÝEWA hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow