Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
Hepdäniň wakalary
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
Çap edildi 01.03.2026
40

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitmek ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň baş maksatlary öz beýanyny tapýar.

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda möwsümleýin işler, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizlemek, çil çekmek işleri dowam edýär. Ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Maslahatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýän esasy pudaklaryň biri hökmünde oba hojalygynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, önümçilige sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini, oba hojalyk tehnikalarynyň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumynyň, ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, sebitlerde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek barada aýratyn tabşyryklar berildi.

27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň innowasion ösüşine, ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe teklipler hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli, şeýle-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Häzirki wagtda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak, synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek babatda yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek, daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ekologik durnuklylyk, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de ýazky bag ekişine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda-da aýdyldy. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Hususy pudagyň işini mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçilik işini kämilleşdirmek maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy. Forumda türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary wekilçilik ederler.

Ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu taslama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleri, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribelere esaslanýar. Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, bu ugurda Watanymyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine ýardam eder.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurda ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan milli düzgünleri halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, hususan-da, halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, mejlisde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramak bilen bagly taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda maslahatlar we sergiler, sungat ussatlarynyň konsertleri, teatrlarda sahna oýunlarynyň, türkmen filmleriniň görkezilişleri bar.

Hormatly Prezidentimiz mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi. “Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu hormatly adyň eýelerini sylaglamak dabaralarynda olara täze jaýlaryň açarlary gowşurylar.

28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň amatlylygyna we berkligine, suw arassalaýyş ulgamlaryna, şäheriň metjidiniň bezeg işlerine, yşyklandyryş ulgamyna, ýol hereketiniň howpsuzlygy, iş ýerlerinde mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek, “Polatly” binasyny döwrebaplaşdyrmak, şäheriň abadanlaşdyrylmagy ýaly meselelere aýratyn üns berildi.

Iş maslahatynyň dowamynda lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, Arkadag şäheriniň täze seýilgähiniň gurluşygy boýunça, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly senelere, şol sanda Halkara zenanlar güni, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere mynasyp taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berildi.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumyna bardy we ajaýyp dag eteginde Hanbeg atly bedewde gezelenç etdi.

Geçen hepdede Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleriň, hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň ýerine ýetirilmegi baradaky tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu başlangyç parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda wajyp ädimdir. Pudagara toparyň agzalary ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklarynyň, ynsanperwer hukugyň ileri tutulmagyna esaslanýan halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda geljekki işleriň esasy ugurlary barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we beýleki halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Pudagara topar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işi alyp barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijileri ilatyň bagtyýar, abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmekden, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.

Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda raýatlaryň mynasyp zähmetini guramak boýunça anyk strategik wezipeler kesgitlenendir. Bu wezipeleri netijeli amala aşyrmakda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zähmeti innowasion esasda guramak wajypdyr. Zähmeti guramak we goramak kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Bularyň hemmesi raýatlaryň intellektual ukyplaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin zähmeti ylmy hem-de innowasion esasda guramaga gönükdirilendir. Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen köptaraplaýyn konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek, zähmet gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň hukuklaryny goramak boýunça degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň “Ýol kartasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyna döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Pudagara toparyň mejlisine gatnaşyjylar gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrmak, ekologiýa ýaly ugurlar boýunça halkara düzümler bilen bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylandygyna ünsi çekdiler. Şunda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk, raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemegiň möhüm wezipeleriň hataryndadygy bellenildi.

Pudagara toparyň mejlisine gatnaşyjylar halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini we toplumlaýyn wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda milli hasabatlary hem-de synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramakda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän forumlaryň, ara alyp maslahatlaşmalaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlaryň ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin, Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hazarüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň ulag boýunça arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine alýar. Häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Energetika, suw hojalygy ulgamyndaky, uglewodorodlary çykarmak hem-de taýýar önüme öwürmek üçin gaýtadan işlemek boýunça taslamalar hem möhüm maýa goýum ugurlarydyr.

Paýtagtymyzda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «BASF Group» konserniniň Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýän «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy W.Nikitin bilen bolan duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň strategik maksatlarynyň — türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ugruň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
01.03
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady
01.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
28.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
27.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.02
Giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky tapgyr
25.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow