Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
Jemgyýet
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
Çap edildi 16.02.2026
31

Şu gün ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.

13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, ajaýyp özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ýokary derejedäki üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Garaşsyz Diýarymyzda her ýyl ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazanmak ugrunda bäsleşigi guramak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, geçen ýylda hem durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy etraby kesgitlemek boýunça degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde kesgitlenildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.

Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir» diýen sözlerine eýerip, Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen mundan beýläk-de belent üstünlikleri gazanmak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagda belleýär.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler esasynda sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Çykyş edenler halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, gadymy binagärlik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç şäheri we adybir etrap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obalary, şäherçeleri, etrap merkezlerini ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde batly depginde ösýär. Taryhy ýadygärlikleriň jemlenen ýeri bolan etrabyň çägindäki obadyr şäherçeleriň keşbi düýpli özgerip, täze ilatly ýerler kemala gelýär. Munuň şeýledigine geçen ýylda açylan Bitaraplyk şäherçesi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, bu döwrebap şäherçe geçen ýylyň sentýabrynda dabaraly açyldy. Ol bir we iki gatly kottej görnüşli 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, Geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagynda, 420 orunlyk orta mekdepde ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, döwrebap şäherçede 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh hem-de söwda merkezi bar.

Bu gün Bitaraplyk şäherçesi ýene-de baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Bu sebitde gadymy döwürlerden bäri zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan dürli ekinler ösdürilip ýetişdirilipdir. Etrabyň irki ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän daýhanlary ekerançylygyň we maldarçylygyň okgunly ösmegine, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň möçberiniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň işewürlik bilen meşgullanýan telekeçileri önümçilik babatda häzirki zaman tejribesini özleşdirip, döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanmak bilen, döwrebap önümçilik toplumlaryny döredýärler. Olar ýerli sarp edijileri zerur önümler bilen bolelin üpjün edip, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna hem goşant goşýarlar. Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylarynyň gazanýan üstünlikleriniň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek boýunça yzygiderli aladalarynyň ajaýyp netijesi bolup durýandygyny nygtap, döredilýän şertler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşandyna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de yhlasly, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Dabara bagtyýar döwrümizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen jemlendi. Şeýle hem Bitaraplyk şäherçesindäki “Köneürgenç” toý mekanynda şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow