Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Çap edildi 01.02.2026
27

Geçen hepde milli däplerimize berk ygrarly bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň ynamly amala aşyrylýandygyny, olaryň ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ykdysady öňegidişligiň üpjün edilmegine, halkyň abadan durmuşyna gönükdirilendigini tassyklaýan wakalara baý boldy.

26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumy, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýarlanylýar. Şol bir wagtda welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk möwsüminiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi babatda tabşyryklary berdi.

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň berkligine, merkezi şaýollaryň ugrunda bina ediljek ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegini göz öňünde tutmaga, köpriniň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, häzirki zaman şertleri döredilýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bilim edaralarynda, saglyk merkezlerinde täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak, öňde boljak şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňky wagtda şäheriň häkimligi tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şeýle-de binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine, olaryň öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidigine üns çekildi.

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, bank işini döwrebaplaşdyrmak we sanly ykdysadyýeti, nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny giňden wagyz etmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu sergä gatnaşmak üçin eýýäm dostlukly ýurduň 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlary, himiki serişdeleri, demir önümleri, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler, gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümlerdir.

Şu ýylyň mart aýynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwal geçiriler. Festiwala dessançy bagşylar, sazandalar, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we okuwçylar gatnaşarlar. Onuň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Täze elektron neşir ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeleri giňden beýan eder. Onda professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Bu teklibi hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda öňe sürüpdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça esasy hyzmatdaş hökmünde BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi kesgitlenildi. Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, şeýle hem “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin hem-de halkara çäreleri, hususan-da, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy barlaglary höweslendirmek, täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek teklip edilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda degişli maglumat bölümini açmak, onda Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda beýan edilen teklipleri goldady we zerur işleri geçirmegi tabşyryp, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklap, degişli Karara gol çekdi. Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, pudaklarda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, ol ýerde stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikler, hususan-da, Olimpiýa stadionynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda “Arkadag” topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparynyň arasynda geçiriljek ýaryşa taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy.

Futbol ýaryşlaryna tomaşa etjekler üçin bolşy ýaly, türgenler we tälimçiler üçin hem zerur şertleriň döredilmelidigine aýratyn üns berildi. Öňde boljak halkara futbol ýaryşynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport duşuşygynyň netijesine garamazdan, bu oýun türkmen halky we dünýä ýurtlaryndan geljek myhmanlar üçin hakyky baýramçylyk bolar.

Geçen hepdede Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Milli Liderimiziň şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralaryny, şanly seneleri ýokary derejede geçirmek, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalary etmek baradaky öwüt-nesihatlaryndan ugur alnyp, bu gezekki dabara şäheriň ähli esasy şaýollaryny we meýdançalaryny öz içine aldy.

Köp sanly tomaşaçylar Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň üstünde ýerine ýetirilen aýdymçylaryň we tans toparlarynyň çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen goldadylar, ajaýyp bedewlere atlanyp hem-de paýtun arkaly hatar gurap geçen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny garşyladylar. «Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, nal şekilinde gurlan Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldiler.

Sirkiň eýwanynda guralan sergide ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik eserleri ýerleşdirildi. Bu gymmatlyklaryň hatarynda «Galkynyş» toparynyň 2025-nji ýylda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda mynasyp bolan Altyn baýragyna we beýleki ýörite baýraklaryna, şonuň ýaly-da, häzire çenli gazanan hemme beýleki sylaglaryna aýratyn orun berildi. Şeýle hem bu ýerde ganatly bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýerleşdirilipdir. Dürli dillere terjime edilen bu kitaplar giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülip, ahalteke atlaryna gyzyklanmalaryň artmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl halkara festiwalda örän gowy çykyş edip, sirk sungatynyň ösmegine ajaýyp goşant goşandygyny, şol çykyşyň taryhy waka bolandygyny nygtap, toparyň mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de toparyň agzalaryna geljekde-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

Toparyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olarda toparyň artistleri çylşyrymly hereketleri bilen öz ussatlygyny, milli atçylyk sportuny täze belentliklere ýetirmekde maksada okgunlylygyny görkezdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabaralar tamamlanandan soňra, Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Onda Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, saçaklaryň bereketli bolmagy dileg edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan bedew bady bilen ýurduň ykdysady hem-de ynsanperwer kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, milletiň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Soňky habarlar
01.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
01.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
30.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.01
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
29.01
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
27.01
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow