Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Behişdi bedew — Watanymyzyň täze belentliklere tarap okgunly ösüşiniň nyşany
Hepdäniň wakalary
Behişdi bedew — Watanymyzyň täze belentliklere tarap okgunly ösüşiniň nyşany
Çap edildi 04.01.2026
183

2025-nji ýyly jemlän geçen hepde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda zähmet üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzyň ýeten täze sepgitleriniň özboluşly dowamy bolan 2026-njy ýyla mynasyp gadam basyldy. Täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygary geljek üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr.

29-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar birek-biregi täze — 2026-njy ýyl mynasybetli gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş we abadançylyk arzuw etdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maksatlaryň umumylygyny nazara alyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, gadam basylan ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýurtlarymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işlere girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada durup geçdi. Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, Amyderýanyň suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygy nygtaldy.

2025-nji ýylyň jemleri we geljekki meýilnamalar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň esasy mazmunyny düzdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy we möhüm wakalara beslendi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaralara hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senesi mynasybetli «Hatyra otlusy» başlangyjynyň Türkmenistanda goldanandygy, oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara forumyň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ruhunda köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitini 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda, has takygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde Walentina Matwiýenkonyň uly şahsy goşandyny nygtap, 2026-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen meýilleşdirilýän gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanda 2026-njy ýyl milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler bilen uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhunda garşylanyldy. Täze ýyl mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerlerinde oturdylan, dürli öwüşginde ýalkym saçýan arçalaryň daşyndan bagtyýar çagalar gol tutuşyp aýlandylar. Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary täze ýyly “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki ertekiler şäherjigini ýatladýan meýdançada — ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda garşyladylar. Belli aýdymçylar çykyşlarynda täze taryhy döwürde Watanymyzyň ösüşlerini wasp etdiler. Şeýle hem milli aýdym-sazlar, täze ýyl arzuwlaryna beslenen kompozisiýalar ýerine ýetirildi.

Alypbaryjylar bu ýere ýygnananlaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. Däp bolşy ýaly, teleköpri arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezlerindäki we Arkadag şäherindäki dabaralar paýtagtymyzda geçirilen dabara bilen özara baglanyşdyryldy.

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täze ýyl Gutlagy bilen halkymyza ýüzlenmegi dabaralaryň ýatdan çykmajak pursadyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan möhüm wakalaryna ünsi çekip, içeri we daşary syýasatda gazanylan oňyn netijeler barada durup geçdi. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. “Täze ýyl abadançylygyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Täze ýyl rowaçlyk, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagyny jemledi.

Dabara paýtagtymyzyň asmanyny bezän ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy.

Geçen hepdäniň Täze ýyl mynasybetli dabaralara baý bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda daşary ýurt estrada aýdymçylarynyň konsertleri guraldy. Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen aýdym-sazly dabaralarda meşhur aýdymçylar — “Ýewrowideniýe” bäsleşiginde baýrakly orna eýe bolan eýran-şwed aýdymçysy Araş, “Mot” lakamy bilen tanalýan russiýaly aýdymçy Matweý Melnikow hem-de türkiýeli aýdymçy Semijenk çykyş etdiler. Olaryň şowhunly çykyşlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky giň gerimli çäreleriň möhüm bölegine öwrüldi. Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda dünýä belli ýyldyzlaryň ýurdumyzda konsertlerini guramak Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen asylly däbe öwrülip, ol hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Täze ýylyň bosagasynda geçirilýän şeýle medeni çäreler halkymyza ýatdan çykmajak baýramçylyk şatlygyny eçilýär.

Täze ýylyň ilkinji güni mynasybetli çäreler Arkadag şäherindäki meýdançada Döwlet baýdagynyň galdyrylmagy we dürli reňkdäki şarlaryň asmana uçurylmagy bilen badalga aldy. Aýazbaba we Garpamyk owadan bezelen konsert meýdançalarynda medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň, çagalaryň şowhunly çykyşlaryna goşuldylar. Baýramçylyk dabaralary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dowam etdi. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşan dabaranyň dowamynda çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary — süýjülikler, okuw esbaplary, interaktiw serişdeler we saz gurallary gowşuryldy. Çagalar özleri baradaky alada üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri we beýleki çagalar gatnaşdylar. Çagalara gaznanyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hem hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Çagalary gutlamaga Aýazbaba we Garpamyk, 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk, özleri baradaky yzygiderli aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Täze ýylyň öňüsyrasynda köp sanly maşgalalara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy ýatdan çykmajak waka boldy. Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda we “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda, Mary şäherinde Täze ýyl dabaralary jaý toýlary bilen utgaşdy.

Ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna we onuň ähmiýetine bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Hormatly il ýaşululary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, talyplar gatnaşdylar. Şäher häkimliginiň edara binasynyň eýwanynda guralan sergide Arkadag şäheriniň gazanan üstünliklerini we ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere bagyşlap ýazan “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly eserlerine aýratyn orun berildi.

Maslahatda çykyş edenler täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ahalteke bedewiniň ýurdumyzyň esasy nyşanlarynyň birine öwrülendigini nygtadylar. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny görkezýär. Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýerine düşen ajaýyp çözgütdir. Täze ýylyň şygary Milli Liderimiziň: “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!” diýen ajaýyp sözleri bilen utgaşýar.

Ahalteke atlary halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan bedewler türkmen halkynyň göz guwanjy we uçar ganatydyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da belende göterdi. Behişdi bedewlere bolan ählihalk söýgüsini göz öňünde tutup, Milli Liderimiz atçylyk sungatyny kämilleşdirmek we ganatly bedewleri dünýäde ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň hataryna çykardy. Abraýly bäsleşiklerde we gözden geçirilişlerde ýeňiji bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünliklerini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň geçen ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolup, baş baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň hormatyna ilkinji dabaraly maslahatyň dünýä meşhur behişdi bedewleriň mekany bolan Arkadag şäherinde geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň giň gerimli wakalary badalga aldy. Şanly ýylda halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine öňde goýlan belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar.

Soňky habarlar
05.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy
04.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
04.01
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentini gutlady
04.01
Behişdi bedew — Watanymyzyň täze belentliklere tarap okgunly ösüşiniň nyşany
03.01
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
top-arrow