Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Jemgyýet
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
Çap edildi 01.01.2026
33

Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri hem-de gymmatlyklary, Watana söýgi, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine we beýik taglymlaryna eýermek duýgulary kemala gelýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Çagalar baglarynda terbiýelenýän, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda bilim alýan ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek, olaryň ýokary hilli bilim almagy üçin mümkinçilikleri döretmek meseleleri halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan milli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň hataryndadyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň howandarlyga mätäç körpe ýaşaýjylary yzygiderli üns merkezinde saklanylýar. Bu ugurda halkymyz asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri kemala getiripdir. Bu işler häzirki wagtda çagalaryň jemgyýete goşulmagyna ýardam bermäge, özbaşdak ýaşaýşa gadam basmagyny goldamaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň durmuşa geçirilmegi, durmuş goraglylygynyň kepillendirilmegi arkaly mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň 2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Arkadag şäherinde geçirilen mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, mätäje ýardam we goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ata-enesinden jyda düşen çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Şeýle ynsanperwer işler geçmiş taryhymyzdan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden ugur alýar. Berkarar döwletimizde ynsanperwer milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler barada aýratyn alada edilýär.

“Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr. Biz mundan beýläk hem çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleri döretmegi dowam etdireris. Geljek nesillerimize hemişe-de goldaw we hemaýat bereris. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir” diýip, Milli Liderimiz belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan bagtyýar çagalygyň ýurdy diýip atlandyrmaga doly esas bar.

...Ine, bu gün hem çagalaryň bilim we terbiýe alýan özboluşly şäherjiginde oturdylan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde berkarar Watanymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, aň-paýhas taýdan sazlaşykly ösen nesli kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri däl, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde olar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolan “Joşgun” tans topary-da bar.

Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde owadan arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli süýjüliklerden we ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyny has-da artdyrdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýylyň hormatyna guralan dabarada Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara saz gurallary hem gowşuryldy. Munuň özi olarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda çagalar sowgatlary çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk we özleri baradaky yzygiderli aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow