Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli häsiýete eýedigini hem-de uzak geljege gönükdirilendigini ýene-de bir gezek anyk görkezýär. Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisiniň jemleri, dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we dowam etdirilýän bilelikdäki taslamalar, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy munuň aýdyň güwäsidir.
23-nji oktýabrda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahatyň çäklerinde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi. Şeýle hem degişli döwürde Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň we Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşleriniň 2025-nji ýylyň 25-nji awgusty — 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ikinji yzygiderli sessiýalarynyň dowamynda BMG-niň bu düzümleriniň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan boýunça maksatnamalary tassyklanyldy. Olaryň mazmuny türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ozalky gazanylan sepgitlere daýanýan bu resminamalar ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň giň ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlyga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine çözgütleri işläp taýýarlamaga ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ady agzalan orta möhletli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, netijeli gatnaşyklary ösdürmek, anyk işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Meselem, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalatçynyň Diwanynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça iş meýilnamasynyň maksady Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýadan, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyndan” gelip çykýan milli borçnamalary ýerine ýetirmekden, degişli ulgamda kanunçylyk binýadyny, adam hukuklaryny goramak boýunça milli institutlaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki işi bilen bagly degişli resminamalar çagalaryň we maşgalalaryň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak, mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň taýýarlyk derejesini gowulandyrmak, inklýuziw bilim syýasatyny we “Ýaşyl” mekdep maksatnamasyny ornaşdyrmak, çaganyň köptaraplaýyn ösüşine goşant goşmak boýunça wezipeleri ugur edinýär. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ÝUNISEF-niň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikdäki iş meýilnamalary hem bar. Bu resminamalar çagalar bilen bagly ýokary hilli statistiki maglumatlar bilen üpjün etmäge, hasabatlylygy kämilleşdirmäge, köpugurly toplumlaýyn seljermegiň hil derejesini ýokarlandyrmaga, maglumatlardan milli derejede netijeli peýdalanmaga, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, maglumat beriş çäreleri arkaly ýaş raýatlaryň bähbidine durmuşa geçirilýän işleri giňden şöhlelendirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň hukuk goraýjy we beýleki ugurdaş döwlet düzümleri bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda çagalaryň hukuklary we bähbitleri ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gönükdirilen iş meýilnamalaryna gol çekildi.
Ýurdumyzyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi köp sanly taslamalarda we başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Ýaş nesil, eneligi we çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny berkitmek baradaky hemmetaraplaýyn alada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyk gazanylan oňyn netijelere daýanmak bilen, öz gerimini yzygiderli giňeldýär. BMG-niň Çagalar gaznasynyň geljek bäş ýyla niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamasy hem-de çagalaryň abadançylygy, şol sanda saglygy, iýmiti, irki ösüşi, bilim, durmuş goraglylygy, inklýuziw maksatnamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly iş meýilnamalary hem hut şu maksada gönükdirilendir.
Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu mesele Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda geçiren duşuşygynyň dowamynda-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, haýyr-sahawat gaznasynyň we ÝUNISEF-niň bilelikdäki tagallalary ýaş nesliň bagtyýarlygyny üpjün etmäge ýardam berer. Hanym J.Ratna ÝUNISEF-niň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gaznanyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri üçin hoşallyk bildirdi.
Birleşen Milletler Guramasy we onuň ugurdaş düzümleri, şol sanda ÝUNISEF bilen ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen şu ýylyň 13-nji noýabrynda geçiren duşuşygynda hem aýratyn nygtaldy. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy gaznanyň işine ýokary baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Onuň binýadynda Arkadag şäherinde sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Gazna körpeleriň saglygy, terbiýesi, bilimi bilen bagly meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Onuň alyp barýan işinde halkymyzyň ynsanperwerlik, özara goldaw bermek, ata-enesinden jyda düşen hem-de aýratyn goldawa mätäç çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek ýaly asylly däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigi aýdyň beýanyny tapýar. Döredilen wagtyndan bäri geçen döwürde gazna tarapyndan köp sanly haýyr-sahawat çäreleri guralyp, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga bejeriş operasiýalary geçirildi. Bejergä mätäç çagalara ýatymlaýyn bejeriş işleri geçirilip, olaryň zerur bolan sagaldyş-dikeldiş we öňüni alyş amallaryny geçmekleri üpjün edildi. Bu ugurdaky işler yzygiderli esasda alnyp barylýar. Saglygy bejerilmäge hem-de dikeldilmäge mätäç çagalar ýokary derejeli çaga lukmanlary tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde döredijilik bäsleşikleri guralýar. Mümkinçiligi çäkli çagalar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň jemleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olaryň arasynda gaznanyň binýadynda hereket edýän çagalar bagynda terbiýelenýänler, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileri hem bar. 2025-nji ýylyň noýabrynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen bilelikde ugurdaş birnäçe ministrlikleriň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň gatnaşmagynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň guramaçylary bolup çykyş etdi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen dabaraly çäreler geçirildi.
Bu düzümiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary meýilnamalaýyn esasda berkidilýär. Onuň alyp barýan işleri dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda gazna bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli ylalaşyklar gazanylyp, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata köp sanly döwletlerden we halkara guramalardan wekilleriň gatnaşandygyny bellemek gerek. Gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Watanymyzyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy 2025-nji ýylyň noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda hem nobatdaky beýanyny tapdy. “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen guralan bu sapar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ynsanperwer gün tertibini durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Geljek ýylda Arkalaşykda başlyklyk etjek ýurdumyz durmuş-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berip, bu babatda anyk çäreleri amala aşyrýar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda çykyş edip, adamyň saglygynyň onuň ykdysady, durmuş, ruhy-ahlak abadançylygy, aň-paýhas mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Häzirki wagtda saglygy goramak lukmançylyk wezipeleriniň çäginden daşary çykýar. Hut şu nukdaýnazardan, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürýän ýurt we halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistan ilatyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary hem-de özara bähbitli tejribeleri alyşmaga, bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyna üns çekildi. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly düzümleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminamalara gol çekilendigi aýdyldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde her ýylda dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar.
Oguljahan Atabaýewa çykyşynda haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy ugurlary barada hem durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, gazna hyzmatdaşlyk etmäge, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga açykdyr, umumy tagallalar bolsa bu maksatlary gazanmaga uly goşant goşup biler.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa, RF-niň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa hem-de daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen geçiren duşuşyklary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.
Gazna öz işinde halkara ugra uly ähmiýet berýär. Bu düzüm türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek ýörelgelerine eýermek bilen, dürli ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Şu ýylyň noýabrynda Owganystanyň weýrançylykly ýertitremeden ejir çeken dostlukly halkyna lukmançylyk we saglygy goraýyş serişdelerinden, dokma, azyk önümlerinden ybarat ynsanperwerlik ýüküniň iberilmegini muňa mysal görkezmek bolar.
Dekabr aýynda haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran saparynyň dowamynda ynsanperwer ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Doha forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem forumyň “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly mowzuklaýyn sessiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň çagalary goramak bilen bagly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi.
Gaznanyň wise-prezidenti Doha şäherinde Katar Döwletiniň wekilleri — Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, jemgyýetçilik ösüşi we maşgala ministri hem-de Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti bilen duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň we nurana geljeginiň hatyrasyna ikitaraplaýyn hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösdürilýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen däp bolan hyzmatdaşlyk gender deňligini üpjün etmek, maşgalalary goldamak, jemgyýetçilik hyzmatlaryny kämilleşdirmek ýaly dürli ulgamlary, milli gün tertibiniň çäklerindäki beýleki taslamalary öz içine alýar. “BMG-niň Ilat gaznasynyň 2026 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň” kabul edilmegi netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky tapgyr boldy. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, degişli ugurlarda toplumlaýyn işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Mejlisiň, Ýokary kazyýetiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen ýakyn ýyllardaky iş meýilnamalary tassyklanyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýandygyny bellemek möhümdir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2016 — 2020-nji hem-de 2020 — 2024-nji ýyllarda hem yzygiderli esasda bu komissiýanyň düzümine saýlanyldy.
Gender syýasaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, deňhukuklylyk, erkinlik ýörelgeleri, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi, döredijilik mümkinçiliklerini açmaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda zenanlar dürli ulgamlarda we pudaklarda, şol sanda döwlet dolandyryş edaralarynda işjeň zähmet çekýärler. Jemgyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan zenanlar saýlap alan hünärlerinde bilimleri üstünlikli özleşdirip, ylym we telekeçilik işi bilen meşgullanýarlar, daşary syýasy işe gatnaşyp, Watanymyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Elbetde, ýaş nesli halkymyza ozaldan mahsus ýokary ahlak we ynsanperwer gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde zenanlara aýratyn ornuň degişlidigi şübhesizdir.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan gender deňligi ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu dialog BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen sebitiň taryhyndaky şeýle düzümleriň ilkinjisidir.
Türkmenistan degişli ugurdaky forumlaryň we çäreleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň birnäçe gezek geçirilen ýeri boldy. 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. 10-njy dekabrda bolsa Hazaryň türkmen kenarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Dürli ýurtlaryň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu iri forum parahatçylygy döretmegiň häzirki şertlerinde gender deňligini ilerletmekde, ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmekde, döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň işini kämilleşdirmekde, inklýuziw ösüş ýaly möhüm ugurlarda zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Maslahatyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de degişli iş meýilnamalary şolaryň hataryndadyr.
9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylandygyny bellemek gerek. Açylyş dabarasynyň çäklerinde gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň iki goňşy halkyň gadymdan gelýän däplerine laýyk gelýän ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamada öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtamaly. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Geçen döwürde halkymyzyň sungatynyň we özboluşly däpleriniň dürli görnüşleri, Watanymyzyň taryhy ýadygärlikleriniň, gözel ýerleriniň birnäçesi bu guramanyň abraýly sanawlaryna girizildi. 2025-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi.
Aşgabat şäheriniň 2023-nji ýylda “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, ýurdumyzyň birnäçe umumybilim berýän mekdepleriniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klublary we kafedralary hereket edýär.
Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistan ählumumy ynsanperwer gün tertibiniň ilerledilmegine uly goşant goşmak bilen, parahatçylygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, umuman, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.