Baş sahypa
\
Resmi
\
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Resmi
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Çap edildi 12.12.2025
2364

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň goranmak ukybyny, dünýädäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti we sungaty, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik häsiýetlerinde terbiýelemek işinde bitiren hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamaly:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor Italmaz Saparlyýewi,

Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewellisi Meretgeldi Gulgeldiýewi,

«Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alypbaryjy inženeri Kakajan Täşliýewi,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan geňeşliginiň Garagan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Gurbangeldi Aýlyýewi,

«Balkan welaýatynyň baş metjidi» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýazmyrat Atamyradowy,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Abdyrahman Begjanowy,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Toýly Kurbanmetowy,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Annagylyç Ataýew adyndaky geňeşliginiň Hangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Henip Zahyrowy,

«Lebap welaýat baş metjidi» dini guramasynyň baş ymamy Ereş Babajanowiç Talipowy,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarowy,

Mary welaýatynyň «Gurbanguly hajy» dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowy,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýewi.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow