Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
Çap edildi 07.12.2025
3099

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berilmegi şanly senäniň hormatyna guralýan dürli derejeli çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. “Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, ýokary okuw mekdebiniň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde institutyň talyplarynyň ýerine ýetiren “Bitaraplyk — biziň baky bagtymyz” atly edebi-sazly kompozisiýasy hormatly Prezidentimiziň zehininden dörän täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň özboluşly badalgasy boldy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem çykyşlarda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar edilendigi barada aýdyldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar şanly sene mynasybetli şeýle ajaýyp kitaby baýramçylyk sowgady hökmünde halkymyza peşgeş berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Kitabyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar” atly jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun berlipdir.

Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralary bilen eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň saglygy, çaga lukmançylygy, bilimi, çagalara durmuş hyzmatlaryny bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda 30-a golaý resminama gol çekildi. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden kitabynyň dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin gymmatly gollanma boljakdygyna ynam bildirdiler.

Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has giňişleýin düşünmek üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabat şäher häkimliginde hem geçirildi.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow