Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkyň gadymy taryhynyň we bahasyz medeni mirasynyň täze subutnamalary
Medeniýet
Halkyň gadymy taryhynyň we bahasyz medeni mirasynyň täze subutnamalary
Çap edildi 26.11.2025
25

Düýn — 26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň şöhratly geçmişini çuňňur öwrenmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Dabaralaryň çäklerinde ady agzalan muzeýlerde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleridir ylmy işgärleri taryhy-medeni ýadygärliklerde giň gerimli ylmy gözlegleri, gazuw-agtaryş, rejeleýiş-dikeldiş işlerini alyp bardylar. Şonuň netijesinde, Watanymyzyň taryhyny we ata-babalarymyzyň durmuşyny şöhlelendirýän möhüm ähmiýetli gymmatlyklar toplandy. Şeýle işler Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän «Daýahatyn» kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky «Akjagala» kerwensaraýynda geçirildi. Ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň geçiren bu işleriniň netijesinde, ýurdumyzyň orta asyr şäherlerinde ylmyň, medeniýetiň ösmegi bilen birlikde, hünärmentçilikde, söwda gatnaşyklarynda uly ösüşleriň gazanylandygyna, ata-babalarymyz tarapyndan durmuş üpjünçiliginiň kämil ulgamynyň döredilendigine, binagärligiň özboluşly milli mekdebiniň kemala getirilendigine şaýatlyk edýän anyk maglumatlar ýüze çykaryldy.

Halkymyzyň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Olar halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasynyň gymmatlyklaryny saklaýjylar hem-de ýurdumyzyň iri ylmy merkezleridir. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň täze taryhy döwürde gazananlary baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Şu gün muzeýlere gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda Gadymy Nusaý, Altyndepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Garadepe, Paryzdepe ýaly dünýä belli ýadygärliklerden, Ahal welaýatynyň beýleki gadymy ilatly ýerlerinden dürli ýyllarda tapylan 300-den gowrak arheologik tapyndy, şol sanda at heýkeljigi, toýun gaplar, metal merdiwan, peýkam ujy, iş gurallary we beýlekiler bar.

Paryzdepeden tapylyp, ýurdumyzyň arheologlary tarapyndan rejelenen eneolit döwrüniň (daş-mis asyry) keramiki gaby uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi meşhur Änew medeniýetiniň gadymy ilatly ýeriň çäginde gülläp ösendigini subut edýär. Ýeri gelende bellesek, 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, bu ýerde eneolit döwründe gülläp ösen ekerançylyk medeniýetine degişli köp sanly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň daş-mis asyryna degişli medeni gatlaklarynda geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem tapyldy. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden bu açyşdan soňra, eneolit döwrüniň arheologik medeniýeti “Änew medeniýeti” diýlip atlandyryldy. XX asyryň ortalarynda Änew medeniýetine degişli başga-da birnäçe ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy orta asyrlarda gülläp ösüpdir. Häzirki wagtda Änew şäheri barha pajarlap ösýär, bu ýerde medeni-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaplary Änew medeniýetine bagyşlanýar. Giň gerimli ylmy-barlag we arheologik işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli hem-de Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular.

Şeýle-de muzeýlere antik döwre degişli arheologik tapyndylar gowşuryldy. Hünärmenleriň pikiriçe, şolaryň hatarynda Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän “Pulhatyn” köprüsi binagärlik ýadygärliginiň golaýyndan tapylan, ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili şekillendirilen kümüş teňňe ady rowaýata öwrülen serkerdäniň ýörişi barada birnäçe maglumatlary ýüze çykaryp biler. Seljuklar döwründe sarahsly binagärler tarapyndan gurlan “Pulhatyn” köprüsi öz zamanynda möhüm söwda-ykdysady, harby-strategik ähmiýete eýe bolupdyr. Ol türkmen binagärleriniň desgalary gurmakda ýokary ussatlyga eýe bolandygyny görkezýän ajaýyp mysallaryň biridir. Çaklamalara görä, daşdan salnan, bäş sany sütünden ybarat köpri häzirki ýagdaýyna 1896-njy ýylda geçirilen abatlaýyş işlerinden soň eýe bolupdyr.

Nusaý gadymy Parfiýa döwletiniň esasy ýadygärlikleriniň biridir. Aşgabat şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän, öz döwrüniň medeniýeti barada gymmatly maglumatlary saklaýan bu gadymy gala syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Irki döwürlerde Parfiýa patyşalygy Gadymy Rim bilen ýakyn diplomatik, söwda we medeni gatnaşyklarda bolupdyr. Arheologlar tarapyndan Gadymy Nusaý galasyndan dürli döwürlerde tapylan tapyndylaryň hatarynda ajaýyp binagärlik bezegleri bar. Açyk asmanyň astyndaky bu ýadygärligiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi desganyň ýokary gymmatlyga eýediginiň we dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Parfiýa döwletiniň taryhy gadymy edebiýatlardan we golýazmalardan taryhçylara, medeniýeti, edebiýaty öwrenijilere giňden belli bolupdyr. Muňa garamazdan, M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda geçirilen ylmy gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaýyň desgalarynyň gaýtalanmajak gymmatlykdygyny dünýä äşgär etdi. Häzirki wagtda Nusaý gadymy taryhyň, binagärligiň we sungatyň täsin ýadygärligi hökmünde Merkezi Aziýa boýunça halkara syýahatçylyk kataloglarynyň we ýolgörkezijileriniň ählisinde bardyr. Nusaýyň patyşa hazynasyndan bolan gymmatly ritonlar toplumy, mermer heýkeller, kümüş we daş önümler ýurdumyzdaky muzeýlerde mynasyp orun aldy. Bu ajaýyp gymmatlyklardyr ybadathanalar köp ýyllaryň dowamynda arheologlaryň, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, hatda syýasatçylaryň-da barha artýan gyzyklanmasyna eýe bolýar. Kuwwatly Parfiýa patyşalygyny döreden Ärsagyň neberesiniň esasy şa mukaddesligi hökmünde döredilen Gadymy Nusaý häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy syýahatçylyk ýerleriniň hataryna girýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda Jeýtunyň, Altyndepäniň, Goňurdepäniň, Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň medeniýetiniň özboluşlylygy beýan edilýär. Bu örän baý mirasyň kökleriniň häzirki döwür bilen aýrylmaz baglanyşygy binagärlik we heýkeltaraşlyk eserlerinde aýratyn orun alýar.

Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan, ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp eserleriň nusgalarynyň daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma eýedigini şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynda açylan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi hem aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Kapitoliý muzeýinde eden çykyşynda Rim şäheriniň iň meşhur muzeýleriniň birinde ýaýbaňlandyrylan sergide Parfiýa medeniýetine we sungatyna degişli gymmatlyklaryň görkezilmeginiň örän uly ähmiýete eýedigini belledi.

21-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biridigini nygtamak bilen, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek barada tabşyryklary berdi.

...Arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralaryna gatnaşyjylar gözlegleriň netijeleri barada durup geçip, Diýarymyzyň çäginden tapylan gymmatlyklaryň adamzat medeniýetiniň ösüş taryhynda uly ähmiýete eýe bolandygyny tassykladylar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde alnyp barlan arheologik işleriň netijeleri halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň taryhyna oňyn baha bermegine, onuň özboluşly milli medeniýeti, däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşmagyna, dünýäniň ylmy we medeni ösüşine bahasyz goşandyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew, Abiwerd, Sarahs, Amul, Dehistan, Şähryslam ýaly şäherler we obalar alymlaryň üns merkezinde durýar. Bu ilatly ýerleriň atlary gadymy ýazuw çeşmelerinde köp agzalýandygy üçin hem giňden bellidir.

Hytaýdan başlap, Wizantiýa we Ýewropa çenli dünýäniň ençeme ýurtlaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetiň hem-de orta asyryň esasy söwda ýollarynyň biri bolmak bilen, Gündogaryň we Günbataryň ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşinde uly orny eýeledi. Ol dürli medeniýetleriň kesişen we özara täsir eden merkezine öwrülip, dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine goşant goşupdyr. Bu ýol bilen ylym-bilim, çeper eserler, dünýä dinleri, ynanç taglymatlary ýaýradylypdyr.

Dabara gatnaşyjylar “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasy barada durup geçip, onuň demirgazyk Horasanyň “Mes toprakly, bol hasylly, meşhur bazarydyr metjidi bilen tanalýan şäher” adyny alan esasy merkezleriniň biri bolandygyny bellediler. Çykyş edenler möwsümleýin meýdan işleriniň dowamynda ýüze çykarylan gymmatlyklaryň tabşyrylmagynyň ýurdumyzyň çäginde medeni ösüşiň irki döwürlerine aralaşmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygary türkmen topragynyň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň baý ruhy mirasyna, umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan ösüşini aýdyň şöhlelendirýär.

Taryhy-medeni, tebigy desgalaryň goraglylygyny üpjün etmek, şol sanda olary aýawly saklamak we dikeltmek bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary şolaryň hataryndadyr. Häzirki döwürde Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köp sanly taryhy ýadygärlikleri rejelemek, ylmy esasda öwrenmek işlerini alyp barýarlar. Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki halkara arheologik ekspedisiýalar hereket edýär. Olaryň baş maksady taryhy ýadygärlikleri gorap saklamakdan, rejelemekden ybaratdyr.

Arhitektura ýadygärlikleridir beýleki medeni gymmatlyklary muzeýleşdirmek, innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen, kompýuterlerde taryhy tapyndylaryň hasabatynyň ýöredilişini kämilleşdirmek, XXI asyryň muzeý işinde, sungaty öwrenişinde we arheologiýasynda medeni-sungat obýektleriniň ýaşyny hem-de asyl keşbini anyklamagyň dünýäde giňden ulanylýan tejribesinde ýokary tehnologik usullara aýratyn üns çekildi. Türkmenistanda taryhy gymmatlyklaryň öwrenilmegine, muzeý işine uly ähmiýet berilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap muzeýleriň gurulmagy, halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny öwrenmäge bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi muňa doly şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gaýtalanmajak medeni mirasy döwlet tarapyndan goramagyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýüzlerçe arheologik, binagärlik ýadygärlikleri öwrenilýär we olaryň ýagdaýyna gözegçilik edilýär. Soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljek nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň, beýleki döwletleriň alymlarydyr hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň gadymyýeti”, “Köneürgenjiň arhitektura mirasy”, “Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri”, “Nusaýyň Parfiýa galalary” atly kitaplar, “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde neşir edildi. Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak üçin Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik tarapyndan “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Dabaralara gatnaşyjylar arheologiýa ylmyny we muzeý işini ösdürmek babatda ähli zerur şertleri döredýän döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden baýram edilýän ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralarynyň geçirilmegi döwürleriň arasyndaky berk arabaglanyşygyň, häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyny aýawly saklamaga jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Soňky habarlar
26.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.11
Halkyň gadymy taryhynyň we bahasyz medeni mirasynyň täze subutnamalary
25.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
24.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
24.11
Watanymyzyň rowaçlygy we netijeli hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
24.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary
24.11
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
top-arrow