Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
Syýasy habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
Çap edildi 21.11.2025
5

Açyklyk, dürli ulgamlarda we formatlarda giň hyzmatdaşlyga taýýarlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk syýasatyna berk eýerip, dürli döwletler, iri halkara, sebit guramalary, häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm ugurlaryna wekilçilik edýän ýöriteleşdirilen düzümler we institutlar bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara işi däp bolan ugurlar bilen bir hatarda, täze ulgamlary hem öz içine alýar. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygy kabul edip, bu döwletara hyzmatdaşlyk formatynyň assosirlenen agzasy hökmünde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga gönükdirilen tagallalary durmuşa geçirýär. 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyz syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin anyk işlere girişýär.

Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Asylly ynsanperwer wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, ekologik bilimi wagyz etmek, hemaýata mätäç raýatlara kömek bermek maksady bilen, döwletleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, gaznalaryň, dürli ýurtlaryň lukmançylyk, haýyr-sahawat edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek bu çäräniň baş maksadydyr. Bu maksat adam baradaky aladany, onuň durmuş hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny içerki syýasatynyň hem-de halkara işiniň ileri tutulýan ugry edinýän ynsanperwer döwlet hökmünde Türkmenistanyň öňde goýýan wezipelerine doly laýyk gelýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasy Türkmenistanyň ynsanperwer ugurda alyp barýan işiniň möhüm gatnaşyjylarynyň biridir. Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, gazna tarapyndan, şol sanda beýleki döwletlerdäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly işler alnyp baryldy. Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary haýyr-sahawat gaznasynyň halkara işiniň özboluşly dowamy boldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy “Modanyň Arkalaşygy” halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygy gaznanyň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini açyp görkezdi.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Sankt-Peterburg şäherine sapary Arkalaşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn başlangyç boldy. Türkmenistan GDA boýunça hyzmatdaşlar bilen, umuman, halkara giňişlikde özara gatnaşyklaryň bu ugruny ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns berer.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, hususan-da, medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly ugurlara möhüm orun degişlidir. Munuň özi halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeni dialogy ösdürmäge goşant goşýar. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky ynsanperwer ugurly hereketler özara hyzmatdaşlygy uzak möhletli, durnukly ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi babatda-da täze mümkinçilikleri açýar.

Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi.

«Ermitaž» dünýäniň iň belli muzeýleriniň biri bolmak bilen, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýär. 1764-nji ýylda Ýekaterina II tarapyndan esaslandyrylan bu muzeý häzirki wagtda ýurduň medeni mirasynyň nyşanyna öwrüldi. «Ermitažyň» binagärlik düzümi birnäçe binalardan ybarat bolup, olaryň iň meşhury rus patyşalarynyň kabulhanasy bolan Gyşky köşkdür. «Ermitaž» sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Muzeýde gadymy we häzirki güne çenli dürli döwürlere, sungat akymlaryna degişli 3 milliondan gowrak sungat eseri saklanýar. Bu ýerde Leonardo da Winçi, Rembrandt, Wan Gog, Pikasso ýaly tanymal sungat ussatlarynyň naýbaşy eserleri jemlenendir. Muzeý dünýäniň dürli künjeginden antik döwre degişli sungat we medeni gymmatlyklaryň giň toplumy bilen meşhurdyr.

«Ermitaž» ylmy-barlag işlerine hem işjeň gatnaşýar. Bu ýerde medeniýet-sungat ulgamlarynyň meseleleri boýunça umumy we ussatlyk sapaklary, maslahatlar geçirilýär. Muzeý halkara sergilere gatnaşýar. Bu bolsa oňa medeni durmuşyň öňdebaryjylarynyň hatarynda bolmaga, dünýäniň beýleki ugurdaş edaralary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde dürli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem taryhyna we medeniýetine degişli gymmatlyklar bar. Şolaryň hatarynda gadymy Nusaýdan, Merwden tapylan arheologik tapyndylar, gadymy senetçileriň keramika, metal, dokma önümleri, halylar, milli lybaslaryň nusgalary bar.

Biziň ýurdumyzda-da Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzyň iri medeni merkezleri bolan muzeýler bu möhüm wezipäniň ýerine ýetirilmeginde wajyp orny eýeleýär. Türkmen halkynyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy taryhyny, özboluşly medeni däplerini, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini beýan edýän maddy gymmatlyklar, golýazmalar, dokma, senetçilik, neşir önümleri türkmen muzeýleriniň baý goruny emele getirýär. Şunuň bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde, halkymyzyň ruhy mirasynyň goralyp saklanylmagynda, has-da baýlaşdyrylmagynda-da muzeýlere möhüm orun degişlidir. Hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýindäki türkmen suratkeşleriniň we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň dürli žanrlar, ugurlardyr çeper özboluşlylyk boýunça tapawutlanýan işleri halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň, baý ruhy dünýäsiniň aýdyň beýany bolup durýar.

...«Ermitaž» muzeýi bilen tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän gymmatlykdygyny, olarda adamzadyň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygyny belläp, guralan gezelenç üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gaznanyň wise-prezidenti bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşdy.

Soňra ol Tawriçeskiý köşgüne geldi. “Tawriçeskiý köşgi” döwlet toplumy Newa derýasynyň kenarynda ýerleşip, federal ähmiýetli medeni mirasyň obýekti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu ýerde maslahatlar, sammitler, medeni çäreler geçirilýär.

Köşgüň duşuşyklar otagynda Oguljahan Atabaýewany Ýekaterina Dibrowa mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda ýadygärlik surata düşüldi.

Halkara gaznanyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işine ýokary baha berdi.

Oguljahan Atabaýewa hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga halkara gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, biomedisina tehnologiýalaryny döretmek we iş tejribesine ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigi aýdyldy. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda ösdürmekde eýeleýän işjeň orny bilen şertlendirilendir. Şu nukdaýnazardan, halkara gaznanyň biomedisina tehnologiýalaryny ilerletmäge gönükdirilen işi türkmen tarapynda aýratyn gyzyklanma döredýär.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat we ynsanperwer gurama hökmünde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermegiň öz wekilçilik edýän düzüminiň esasy maksady bolup durýandygyny nygtap, bu asylly wezipäniň amala aşyrylmagynyň, şol sanda keselleri anyklamak, öňüni almak we bejermek ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda anyklaýyş, bejergi işinde ulanylýan biomedisina nanotehnologiýalary, biomedisina elektronikasy, biomedisina kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlarda tejribe hem-de maglumat alyşmagyň wajypdygy bellenildi.

Ý.Dibrowa iki gaznanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejergi işinde toplan tejribesiniň öňdebaryjy biomedisina tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagynyň çagalaryň saglygyny dikeltmek işine goşant goşjakdygyny nygtady. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gazna bilen bilelikdäki işiň ähmiýetini belläp, oňa strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant hökmünde garaýandygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýola goýlan dialogyň çagalaryň saglygyny goramak ýaly umumy asylly maksadyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşdy. «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda moda pudagyny, dokma senagatyny we dizaýny ösdürmäge bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän çäredir. Ol tejribe alyşmak, täze egin-eşik toplumlaryny tanyşdyrmak, pudagy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, dizaýnerleri, ugurdaş hünärmenleri, bilermenleridir işewürleri bir ýere jemleýär.

Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sessiýanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin söz berildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wekilçilikli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, sessiýanyň adynyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde saglyk meselesine ünsi çekýändigini belledi. Çünki adamyň saglygy onuň ykdysady, durmuş, ruhy-ahlak abadançylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda saglygy goramak diňe bir lukmançylyk wezipesi bolman, eýsem, döwletleriň we halklaryň ösüşini, abadançylygyny üpjün edýän esasy şertleriň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde ýurtda ilatyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işlere umumadamzat ösüş maksatlaryna goşant hökmünde garaýar.

Gaznanyň wise-prezidenti ýurdumyzda bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda adam saglygy barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde hem-de «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýanyň esasynda adamlaryň saglygyny goramak üçin ähli amatly şertler döredildi. Sanitar-ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, azyk önümleriniň hiline, amatly zähmet, bilim, durmuş, dynç alyş şertleriniň üpjün edilmegine, ahlak gymmatlyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn üns berilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Türkmenistanda ilatyň saglygyna döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň, halkyň ruhy-intellektual mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde garalýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri döwletimiz tarapyndan goldanylýar hem-de höweslendirilýär. Oguljahan Atabaýewa halkara tejribäniň milli derejedäki alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen yzygiderli we uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň 26-syna gol çekildi we olaryň çäklerinde her ýyl dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň Hökümeti bilen BMG tarapyndan her bäş ýyldan kabul edilýän Türkmenistan üçin ýurt boýunça Maksatnamanyň resminamasy alnyp barylýan maksatnama-taslama işiniň esasyny düzýär. Ýakynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin niýetlenen nobatdaky Maksatnama kabul edildi.

Ýurdumyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär, sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýýar. Umuman, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi, ilatyň saglygyny goramak meselesi boýunça dürli çäreleriň geçirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň bu ugurda toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Aşgabatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleriň gatnaşmagynda halkara maslahatyň geçirilendigine ünsi çekdi. Bu forum saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni, pikirleri alyşmak üçin netijeli meýdança bolup, hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti bu çärä işjeň gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň hünärmenlerine minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge ýardam berer.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyşynyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly, bu gazna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilip, çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär. Häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna 700-den gowrak çaga lukmançylyk operasiýalary geçirildi. Şeýle hem onuň ýanynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň özünde merkezde 900-e golaý çaga bejergi aldy. Şeýlelikde, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» şygary amaly taýdan durmuşa geçirilip, bu işler eneleriň we çagalaryň saglygyny berkitmäge, olaryň beden, durmuş, maddy, ruhy abadançylygyna hem-de ösüşine gönükdirilendir.

Çykyşynyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa gaznanyň hyzmatdaşlyk etmäge, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga açykdygyny aýdyp, özara tagallalar bilen bu maksatlary gazanmaga uly goşant goşup boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy.

D.Gurskaýa Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine uly hormat goýýandygyny, gaznanyň bejergi maksatnamalary we sagaldyş-dikeldiş merkezi ýaly başlangyçlarynyň ruhlandyryjy görelde bolup durýandygyny belledi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin Diana Gurskaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çagalaryň bähbidine alyp barýan yzygiderli işine ýokary baha berdi.

D.Gurskaýa şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini aýtdy. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde taryhy işleri bitirýändigini belläp, onuň tejribesiniň dünýä nusgalykdygyny aýtdy hem-de gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Oguljahan Atabaýewa teklibi kabul edip, duşuşmaga ýörite Sankt-Peterburga gelendigi üçin D.Gurskaýa minnetdarlyk bildirdi. Ol Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň, şol sanda Diana Gurskaýanyň hem gatnaşandygyny nygtady. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy haýyr-sahawat gaznasynyň çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara lukmançylyk we durmuş hyzmatlaryny bermek meseleleri boýunça iş alyp barýandygyny aýdyp, häzirki wagta çenli gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň halkara lukmançylyk merkezlerinde we beýleki saglygy goraýyş edaralarynda 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini habar berdi. Gazna çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin ýerli guramalardyr edaralar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan ynsanperwer işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy.

«Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan galan çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan ynsanperwer işiniň nusgalykdygyny belledi hem-de gazna tarapyndan milli ruhy gymmatlyklaryň öňdebaryjy lukmançylyk çemeleşmeleri bilen utgaşdyrylmagynyň dünýä jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýandygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu duşuşygyň lukmançylyk kömegine mätäç çagalara goldaw bermäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin binýady döretjekdigine ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu möhüm wezipe biziň halklarymyzyň asylly häsiýetlerini şöhlelendirmek bilen, ynsanperwerlik, adamkärçilik, goldaw bermek, rehimdarlyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda we Russiýada işleýän haýyr-sahawat, ynsanperwer ugurly guramalar alyp barýan işlerinde şeýle asylly ýörelgelerden ugur alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň işi bilen tanşandygyny belläp, onuň işinde çagalaryň başarnyklaryny durmuşa geçirmäge, olaryň bilim we dynç almagyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň guwandyryjydygyny aýtdy.

Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti häzirki wagtda gazna tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, bu işiň halkara ugrunyň, ilkinji nobatda, ynsanperwer ugurly guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy esasynda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler çagalaryň daýanç-hereket ulgamynyň näsazlyklaryny anyklamak we bejermek boýunça maksatnamalary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler wekilçilik edýän gaznalarynyň maksatlarynyň birdigini aýdyp, birek-birege alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalary goldamak babatda hakyky ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. “Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykarylýar. Şunda Gahryman Arkadagyň aýratyn goşandy bar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýlandyr. Türkmenistan bu günki gün uly ösüşlere eýe bolmak bilen, dünýä giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Biz dostlukly ýurduň hemişelik Bitaraplygyny goldaýarys” diýip, Walentina Matwiýenko belledi.

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Walentina Matwiýenko bilen duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy gaznanyň alyp barýan işleri barada aýdyp, soňky ýyllarda haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň ýüzlerçesine lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilendigini belledi. Şeýle hem bu düzüm halkara ynsanperwerlik işine möhüm ähmiýet berýär. Hususan-da, gazna tarapyndan Russiýadaky, Türkiýedäki, Owganystandaky, Palestinadaky, Täjigistandaky we beýleki ýurtlardaky çagalara ynsanperwerlik kömekleri iberildi. Şunuň bilen birlikde, beýleki ýurtlaryň haýyr-sahawat düzümleri, ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Ilkinji nobatda, inklýuziw bilim, çagalaryň saglygyny goramak, durmuş goldawynyň döwrebap ulgamlary ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribä gyzyklanma bildirilýär.

Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň bu ulgamlarda baý tejribesiniň bardygyny, Türkmenistanyň we Russiýanyň ugurdaş edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de bilim we tejribe alyşmagyň russiýaly hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan täze usulyýetleri ornaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

W.Matwiýenko strategik hyzmatdaşlyk, umumy medeni däpler bilen baglanyşýan ýurtlarymyzyň ynsanperwer ulgamda bilelikdäki işiň baý tejribesini toplandyklaryny aýdyp, şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýanyň wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşandygyny aýdyp, 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Russiýa Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Ýakyn taryhy, medeni, ruhy, ynsanperwer gatnaşyklar halklarymyzy ýüzýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýär hem-de häzirki wagtda bu gymmatly mirasy, toplanan bilelikdäki tejribäni gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, ony türkmen-rus döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek işinde hem giňden ulanmak üçin bilelikde köp işler edilýär. Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanda Russiýanyň medeniýetine, rus diline uly hormat goýulýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy uzak möhletli esasda mundan beýläk-de ösdürmegi berk maksat edinýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler şu günki gepleşikleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar. Sergide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerler, brendler we önüm öndürijiler, halkara hyzmatdaşlar moda pudagynda gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrdylar. Medeni alyşmalaryň taryhy nyşany bolan Tawriçeskiý köşgüniň zallarynda myhmanlar milli däpleri, öňdebaryjy innowasiýalary özünde jemleýän egin-eşik toplumlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Sergi ekspozisiýasy medeniýetleriň arasyndaky köpri hökmünde modanyň ähmiýetini açyp görkezip, täzeçil pikirleri alyşmaga, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Tawriçeskiý köşgünde Russiýa Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň moda görkezilişine tomaşa etdi.

Onda foruma gatnaşyjy her bir ýurduň medeni-durmuş özboluşlylygyny beýan edýän milli we döwrebap lybaslar görkezildi. Moda görkezilişinde türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden dörän nepis keşdeler bilen bezelen milli lybaslara hem aýratyn orun berildi. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip, şu günlere gelip ýetipdir. Milli äheňde bezelen lybaslar, ajaýyp keşdelerdir nagyşlar çärä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Şeýlelikde, Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran iş sapary türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Soňky habarlar
21.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary
20.11
Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary sebit we sebitara derejede strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýar
20.11
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
20.11
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyryp
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
19.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly orun degişlidir
19.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow