Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
Çap edildi 05.06.2026
33

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy baş maksat edinen biziň halkymyz daşky gurşawa, tebigata örän aýawly çemeleşip, ony hemişe gorap gelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyz, strategiýalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar.

Eziz watandaşlar!

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan, özboluşly, gaýtalanmajak gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär, täze many-mazmuna eýe bolýar.

Diýarymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň baý tebigatymyza buýsanjyny artdyrýar. Belent maksatlara gönükdirilýän bu işleriň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň, «akylly», «ýaşyl» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň daş-töwereginde, welaýatlarda döredilýän tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlarymyzyň, daşary ýurtly syýahatçylaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli şertler döredildi. Garagum sährasynyň jümmüşindäki «Altyn asyr» Türkmen köli diňe bir Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrman, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga hem oňyn täsir edýär. Ýurdumyzyň biodürlüligini, sebitiň ösümlikleriniň, haýwanlarynyň seýrek hem-de dünýä ähmiýetli endemik görnüşlerini gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Eziz watandaşlar!

Adamzadyň durnukly ösüşini we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, dünýä jemgyýetçiliginiň daşky gurşawy goramagyň meselelerini çözmäge gönükdirilen tagallalaryna Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar we tebigaty goramak, ekologiýa meselelerini çözmek babatda birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan ýurdumyz durnukly ösüşe oýlanyşykly çemeleşýär. Bu mesele boýunça biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş hem-de Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarys. Ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlary hem-de teklipleri öňe sürýäris. Biz Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen hem çykyş etdik. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdik.

Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň tarapdary hökmünde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşulmagy hem-de onuň çäginde halkara we milli derejede amala aşyrýan işlerimiz howanyň üýtgemegine, onuň täsirlerine garşy göreşmekde netijeli hereketlerimiziň aýdyň güwäsidir. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy goramak we azyk bolçulygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky başlangyçlary hem öňe sürdük we olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän we sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, toplumlaýyn ekologiýa başlangyçlarynyň halkara derejede ilerledilmegine gönükdirilen teklipleriň ähmiýetini aýratyn bellemelidiris.

Biz özboluşly tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek maksady bilen, geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi üstünlikli dowam etdireris.

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak we has-da baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
04.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
04.06
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
04.06
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
04.06
Dünýäniň dokma senagatynyň öňdebaryjylary Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkada
04.06
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.06
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
top-arrow