Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
Jemgyýet
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
Çap edildi 29.10.2025
54

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ugrundaky syýasaty dowam etdirmek bilen, şunda yzygiderlilik, toplumlaýynlyk hem-de netijelilik ýörelgelerini ugur edinýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň esasy aýratynlyklary-da şulardan ybaratdyr. Munuň özi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşýandygynyň, dünýäniň syýasy giňişligindäki her bir ädimini täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, anyk başlangyçlary öňe sürmek arkaly berkidýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakda oňyn netijelerini berýär hem-de dünýä bileleşiginiň, halkara guramalaryň giň goldawyna mynasyp bolýar. Bu ugurlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sanynda çap edilen makalalarda-da öz beýanyny tapýar. Giň okyjylar köpçüligine, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplara, syýasaty öwreniji alymlara niýetlenen neşirde köptaraply döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar beriş, gollanma, seljerme we statistiki häsiýetli makalalar ýerleşdirilipdir.

Ýyllyk neşirde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli demokratik özgertmeleriň wezipelerini we mazmunyny açyp görkezmäge aýratyn üns berilýär. Neşiriň daşky sahypasynda “Abadançylyk” binasynyň suraty ýerleşdirilipdir. Belentligi 47 metre barabar bolan binanyň depesindäki Ýer şarynyň daşyna aýlanan ak kepderiler parahatçylygyň nyşany hökmünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylyň many-mazmunyny özünde jemleýär.

Ýurdumyz iki şanly senä — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýyla halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň ähmiýetli döwri hökmünde garaýar. BMG bilen hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesine daýanýan, ählumumy möçberdäki möhüm meseleleri öz içine alýan däp bolan dialog häzirki döwürde barha giňeldilýär. Türkmenistanyň köpugurly düzümler bilen gatnaşyklary eneligi we çagalygy goldamak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, ylymda, döredijilik işinde, sportda, saglygy goraýyş ulgamynda olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Žurnaldaky «Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine eýerip», «Parahatçylyk — ýaşaýşyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ösüşiň beýik taglymaty», «Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyl», «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy!», «Magtymguly Pyragynyň zamanasynda we häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklary» atly makalalar hem şu möhüm mowzuklara bagyşlanypdyr.

Makalalarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy özgertmeleri başdan geçirýän Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanyp, okgunly öňe barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň halkara abraýy belende göterilip, syýasy durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi parahatçylygy, özara düşünişmegi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmäge giň ýol açýar.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilime geçmek bilen bagly alnyp barylýan işlere bagyşlanan «Türkmenistanyň bilim syýasatynda halkara ülňüleriň ornaşdyrylmagy» atly makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Awtor okuw-pedagogika işiniň binýadynda jemgyýetiň aň-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, daşary ýurt dillerini öwretmegiň we okatmagyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen sanly innowasion tehnologiýalaryň, dünýäniň iň öňdebaryjy bilim ülňüleriniň durandygyny nygtaýar. «Sanly tehnologiýalaryň mediaönümleriň mazmunyna täsiri» atly makalada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine degişli tehnologiýalaryň özgerişi, ulgamyň ösüşine innowasiýalaryň ornaşdyrylyşy barada söz açylýar. «Türkmeniň nesil terbiýesi syýasaty», «Sagdyň durmuşyň wagyzçysy» atly makalalarda raýat jogapkärçiligine oňat düşünýän, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmäge hem-de ýaş nesliň hukuk, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen terbiýe syýasaty öz beýanyny tapýar. Ol maşgalada we bilim edaralarynda terbiýeçilik däpleriniň dowam etdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň goldanylmagyna, halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmaga esaslanýar.

Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryndan gözbaş alýan belent ynsanperwer ýörelgeler döwlet Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň köpugurly döredijilik eserlerinde hem uly orun tutýar. “Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri — jemgyýetiň gymmatly ruhy-ahlak ýol görkezijileri” atly makalada bu barada täsirli maglumatlar berilýär. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň dürli dillere terjime edilen kitaplary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby bu şäheriň geçmiş taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, “Jeýtun medeniýeti” diýlip atlandyrylýan ekerançylygy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Bu kitap ýurdumyzda halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak we dikeltmek, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitaby “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň ahyrynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan şu ýylyň başynda halkymyz, şol sanda giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy. Eserde Magtymgulynyň türkmen halkynyň durmuşyndaky, onuň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndaky ähmiýetli orny köptaraply beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda çapdan çykan “Hakyda göwheri” atly kitaby ozalky döreden eserleriniň arasynda mynasyp orun aldy. Onda halkymyzyň şöhratly taryhy ýoly, ýurduň çäginde saklanyp galan, milli mirasyň bahasyz baýlygy hasaplanýan taryhy-medeni ýadygärlikler barada gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly goşgusy hem giň jemgyýetçilikde uly seslenme döretdi.

«Türkmen eposlarynda parahatçylyk taglymaty», «Syýahatçylyk dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň ygtybarly çeşmesidir», «Ýüpekçilik — medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi» atly makalalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyny ösdürmek meselesine bagyşlanýar. Halkymyzyň baý milli mirasy nesilden-nesle aýawly geçirilip gelinýän, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamy bolup durýar.

“Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy: gazanylanlar we ösüş mümkinçilikleri” atly makalada obasenagat toplumynyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn seljerme berlip, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak babatda görülýän anyk çäreler öz beýanyny tapýar. Şeýle hem Görogly beg, Keýmir kör, Gowşut han, Nurberdi han ýaly görnükli şahsyýetlere bagyşlanan «Halkyň taryhynyň gatlaryna siňen beýik türkmen şahsyýetleri» atly makala okyjylara ýetirilýär. Bu meşhur şahsyýetleriň atlary Arkadag şäheriniň degişli desgalaryna dakyldy. “Garaşsyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygyna 30 ýyl” atly makalanyň awtory ýurdumyzda kärdeşler arkalaşyklarynyň döreýşi we ösüşi barada söz açýar.

Žurnal Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymgulynyň keşbiniň teatr sahnasynda janlandyrylmagyna bagyşlanan «Teatr sahnasynda Magtymguly Pyragynyň waspy» atly makala bilen jemlenýär.

Soňky habarlar
29.10
Döwlet we jemgyýet: döredijiligiň hem-de ösüşiň maksatlarynyň bitewüligi
29.10
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow