Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 21.10.2025
67

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylyp, çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän žurnalda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň hem-de hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin beýan edilýär.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we meýilleri döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä bileleşiginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur alyp, muny möhüm hasaplaýarys diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

«Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garalýar we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda döwlet çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesiniň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýola goýulmagynyň hem-de pugtalandyrylmagynyň ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.

«Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalda çap edilen, 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdygy, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludygy bellenilýär. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Bu gün Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýatlary has-da berkidilýär. Durmuşa geçirilýän bu beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzyň netijesidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda şu ýylda ýerine ýetirilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň jemini jemledi hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu gün halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň, forumlaryň mekanyna öwrüldi. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleleriň çözgüdini tapmaga hil taýdan täzeçe çemeleşýän Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi. Bu maslahat we onuň çäklerinde geçirilen netijeli duşuşyklar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we üstaşyr ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Ol ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

Žurnalda şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda geçirilen birinji umumy mejlisindäki çykyşy okyjylara ýetirilýär. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dünýä ösüşiniň uly we derwaýys meselelerine gürrüňsiz degişlidigini, Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatnamalaryny, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, Geljegiň bähbidine paktyň strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydygyny belledi.

«Türkmenistanyň döwlet syýasaty adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendir. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara işiniň esasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Okyjylara hödürlenilýän «Raýatlaryň durmuş we zähmet hukuklary — kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy meselesi» atly makalada Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň berilýär. Durmuş adalatlylygynyň ýörelgelerini ilerletmegi we zähmet babatda halkara kadalaryň berjaý edilmegini bu gurama öz öňünde maksat edip goýýar. HZG-niň işi hakyna tutma zähmetiniň derejesine garamazdan, ähli adamlara mynasyp zähmetiň üpjün edilmegine ýardam etmekden ybaratdyr. Makalada Halkara zähmet guramasynyň dünýäniň ähli sebitleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenilýär. Ol kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklaryny, şol sanda birleşmek azatlygy hukugyny halkara derejede kanuny taýdan ykrar eden ilkinji gurama boldy.

Žurnalyň sahypalarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň bitewülik ýörelgesi — üstünlikli diplomatiýanyň ulgamlaýyn binýady» atly makala getirilýär. Makalanyň awtorlary dünýäniň halklarynyň parahatçylyk däpleriniň berkidilmegine we özara ynanyşmakda ýaşamaklaryna, bu ugurdaky adamzat gymmatlyklarynyň we dünýägaraýyşlaryň gaýtadan dikeldilmegine, parahatçylygy saklamaga we ösdürmäge, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen bu filosofik taglymatyň düýp mazmunyny düşündirýärler.

Žurnalda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly bäsleşige hödürlenen makalalar hem ýerleşdirilipdir. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň üsti bilen ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda, şeýle hem olara girizilýän kadalarda raýatlaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, her ýyl döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

«Bitaraplyk — ata Watanymyzyň nurana geljegi» atly makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýasy adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu filosofiýa döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş ýörelgesi bolup çykyş edýär.

Bäsleşige hödürlenen «Eýeçilik hukugyny amala aşyrmakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti» atly makalada häzirki zaman bazar ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň önümçilikde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde wagty tygşytlamaga giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenilýär. Häzirki döwürde dünýä giňişliginde sanly tehnologiýalar halkara gatnaşyklara, ykdysady aragatnaşyklara, dünýä söwdasyna, maglumat alyşmaga çuňňur täsir edýär. Sanly ulgamyň durmuş-ykdysady ulgama ornaşdyrylmagy netijesinde, raýatlaryň eýeçilik hukuk gatnaşyklaryny amala aşyrmak işi tiz ýerine ýetirilýär, maglumat howpsuzlygy ýokarlanýar.

«Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň kanunçylyk esaslary» atly makala hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Gümrük kodeksinde we «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gümrük syýasatynyň esasy wezipeleriniň we ýörelgeleriniň kesgitlenendigi bellenilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine we ykdysady howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam edýän bu hukuk namalary gümrük işini döwlet tarapyndan dolandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny kesgitleýär. Türkmenistanda gümrük işi harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, gümrük düzgünleriniň ulanylmagynyň, gümrük tölegleriniň töledilmeginiň, gümrük gözegçiliginiň tertibini we şertlerini kesgitleýän meseleleriň we Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň beýleki çäreleriniň degişli talaplara laýyklykda düzgünleşdirilmeginiň usullarynyň we serişdeleriniň jeminden ybarat bolup durýar.

Neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beýleki çärelere bagyşlanan syn okyjylara ýetirilýär.

Soňky habarlar
22.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
21.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saýlanylan Premýer-ministrini gutlady
21.10
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
21.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.10
Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
20.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli dabaraly mejlisdäki çykyşy
20.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
20.10
Energetika howpsuzlygy — ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry
20.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow