Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 08.10.2025
4177

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen wagtyndan bäri geçen döwürde ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak we bejermek, adamyň ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, milli lukmançylygyň we dünýä tejribesiniň esasynda, saglygy goraýşyň we derman senagatynyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap ulgamy döredildi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, hususan-da, eneleriň we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär.

Ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler, gazanylan üstünlikler ençeme halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan tapawutlanýan döwrebap, nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar.

Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman» şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer. Şeýle-de Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzda adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Türkmenistanda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa.
 

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabry.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow