Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
Çap edildi 05.10.2025
63

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Ýurdumyz ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar, belent sepgitlere ýetýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalar gyşarnyksyz amala aşyrylýar.

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç haty kabul edildi. Diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Irlandiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler. Mejlisde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler, prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ilatymyza degişli hukuk kömegini bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şeýle-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalarynyň, ýangyna garşy göreş çäreleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işler, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen biraýlygyň jemleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze etraplarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerini döretmek hakynda resminamalara gol çekdi.

1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Milli Liderimize hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy. Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Lukman Arkadagymyzyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desgalaryň, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary hödürlenildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar, şäheriň çägini abadanlaşdyrmagyň meýilnamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümlere sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ilkinji nobatda, lukmançylyk ylmynyň ýeten derejesini özleşdirmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň dürli maksatly binalarynyň gurluşygynda hem-de bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny aýtdy we bu işleriň degişli ekologik ýagdaýy kada laýyk saklamakda ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti hasabatlar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda guraljak giň möçberli sergide Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýony guramak işleri hakynda aýdyldy.

Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz ýolugra täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän kottejler toplumynyň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda saklandy. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlarynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we şäher ilatyna hyzmatlaryň ýokary derejesiniň hödürlenilmegi möhüm talap bolup durýar” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek dabarasy boldy. “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasyna “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde köpugurly sport toplumyny gurmak, “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrmak, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak wezipesi ynanyldy. “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer.

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi.

Täze guruljak desgalar — Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýi ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Döwlet Baştutanymyz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz bu waka mynasybetli saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

3-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Şunuň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 göterim ýokarlandy. Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,8 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,7 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, hususan-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň we durkuny täzelemek işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmagy dowam etdirmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegi yzygiderli kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumyň işiniň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Möwsümleýin oba hojalyk işlerini berk gözegçilikde saklamak, welaýatlarda pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginini artdyrmak, maldarçylygy ösdürmek işleri oba hojalyk pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplaryna häkimleri we häkimleriň orunbasarlaryny wezipä bellemek barada taýýarlanan resminamalara gol çekendigini aýdyp, täze bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmegiň strategiýasynda öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak, täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça işler göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi. Söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmegiň, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap bilim bermek geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň Bitaraplyk baýramy bilen bagly geçiriljek halkara çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny nygtap, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmegi, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, olaryň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, türkmenistanlylaryň eşretli durmuşyny üpjün etmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy abadançylygyň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap öňe alyp gitmäge gönükdirilen özgertmeleriň döredijilikli mazmunyny açyp görkezdi.

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.10
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.A.ÇARYÝEW hakynda
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.N.AÝAZOW hakynda
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.GARAJAÝEW hakynda
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.A.BAÝRAMOWA Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.A.BAÝRAMOW hakynda
top-arrow