Mälim bolşy ýaly, 18-19-njy sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge, hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň we dünýäniň işewür jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralan foruma döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekilleri, bilermenler gatnaşdylar. Munuň özi halkara hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny görkezýär.
Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler bilen tanyşmaga, hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar. Şunda geljek ýyllaryň dowamynda ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolup biljek taslamalara we ugurlara aýratyn üns berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň ykdysady syýasaty hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň ösüş ýolunda barha ilerlemegini we dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmek bu syýasatyň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň esasy pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryň çekilmegine, iri innowasion kärhanalaryň gurulmagyna, eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň ýola goýulmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk, ynsanperwerlik, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasaty alyp barmak, ähli ugurlar boýunça döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem esasy wezipeleriň hataryndadyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan ykdysady diplomatiýany ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Ykdysady diplomatiýa halkara giňişlikde milli bähbitleri ilerletmekde we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Daşary syýasatyň bu wajyp ugry ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we milli ykdysadyýeti dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Dünýä ösüşiniň täze meýillerini, milli ykdysadyýetiň durmuş-ykdysady şertlerini seljermek esasynda Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň strategik ugurlary kesgitlenildi. Häzirki wagtda türkmen ykdysady diplomatiýasy döredildi we ol toplumlaýyn, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, döwletiň wajyp wezipeleriniň birini ýerine ýetirýär. Diplomatiýanyň bu görnüşi döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary we telekeçiler toparlary derejesinde amala aşyrylýar.
Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän maýa goýum forumlary, döwletimizde öndürilýän harytlaryň sergileri ýurdumyzyň ykdysady diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändigini subut edýär. Halkara hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň açyk ykdysadyýeti, halkara giňişlikde tutýan ornunyň has-da berkemegi, döwletimiziň halkara guramalaryň işlerine gatnaşmagynyň işjeňleşdirilmegi bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Awazadaky forum hem Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýanyň ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Çünki ykdysady diplomatiýa uzak möhletli maýa goýumlary çekmek üçin gural bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýan maýa goýum syýasaty tutuş dünýäde wajyp ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi ykdysady ösüş bilen bir hatarda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi nukdaýnazaryndan-da möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysady ösüşe gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri ählumumy gün tertibiniň wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň baş şertini emele getirýär. Daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly gurşawyň döredilmegi, bu ugurda degişli kanunçylygyň hereket etmegi hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalar hem ykdysady diwersifikasiýa, infrastrukturany ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryny öz içine aldy. Forumyň işi «Strategik netijeliligiň şerti hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň, işewür toparlarynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bu forumyň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýeti bellenilýär.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko mejlisde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda söwda ulgamynyň wajyp ähmiýeti barada çykyş etdi. Şunda Türkmenistanda bu ulgamy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berildi. Şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. BSG-ä agza ýurtlarda soňky ýyllarda söwdanyň ösýändigini görmek bolýar. Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy ýurduň halkara söwda ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmaga, haryt dolanyşygyny, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima sanly ulgam arkaly çykyş edip, bu çäräniň Türkmenistanyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli geçirmekde ýurdumyzyň uly goşandyny aýratyn nygtady. Rabab Fatima Awaza maslahatynyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Ählumumy işewürlik torunyň işe girizilendigini, bu başlangyjyň agzalan ýurtlary dünýä maýadarlary bilen baglanyşdyrmaga, ykdysady ösüşi ilerledýän hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady we hemmeleri bu tora goşulyşmaga, DÇBÖBD bilen halkara maýa goýum jemgyýetçiliginiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak işine goşant goşmaga çagyrdy.
Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Mazer Mallor öz çykyşynda ýurduň ykdysady ösüşinde maýa goýumlaryň ornuna üns çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler maýa goýumlary çekmek we iri taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Foruma gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerinde Bütindünýä banky ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar. Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, esasy hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini, ýurduň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak boýunça edýän tagallalaryny belledi. Umumy pikire görä, halkara hyzmatdaşlyk we açyklyk strategik netijeliligi gazanmak üçin möhüm şertler bolup durýar.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň esasy pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, ösüşiň senagat-innowasion görnüşini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini ulanmak arkaly ekologik taýdan arassa tehnologiýalara we sirkulýar ykdysadyýete geçmek, sanlylaşdyrmak orta möhletli ösüş döwrüniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Täze tehnologiýalary, döwrebap enjamlary ornaşdyrmaga, adam maýasyna we ýurdumyzyň ekologik, durmuş-ykdysady abadançylygyny üpjün edýän ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarydyr.
Iki günüň dowamynda forumyň işi «Ygtybarly energetika durnuklylygy: Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan pudaklarynyň ösüşi», «Türkmenistanyň gurluşygynda we senagatynda täze meýiller hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri», «Türkmenistanda ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna maýa goýumlar», «Howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna maýa goýumlar», «Howa şertlerine durnukly oba hojalyk we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna maýa goýumlar», «Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we «ýaşyl» özgertmeler», «Söwdanyň institusional esaslaryny berkitmek. Täze bazarlara ýol açmak», «Maýa goýum taslamalarynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy», «Howanyň üýtgemegi we durnukly geljek üçin ygtybarly infrastruktura», «Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugur» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Olaryň dowamynda degişli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary, işewürligiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak, sebitde işewürligi alyp barmagyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek babatda pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurdumyz uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň mümkinçiliklerini-de işjeň öwrenýär. Bilermenler energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýän Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça geljegi uly taslamalara ünsi çekdiler. Şunda «ýaşyl» energetikanyň durnukly ösüşi üpjün etmegiň strategik ugry bolup durýandygy bellenildi.
Ulag-logistika pudagyna maýa goýumlar hem Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler ýurdumyzyň geografik taýdan strategik çäkde ýerleşmegini, halkara ulag geçelgeleri ulgamynda eýeleýän möhüm ornuny nygtadylar. Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda wajyp halka bolup durýar. Şoňa görä, demir ýol, ulag we deňiz infrastrukturasynyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin strategik ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyna maýa goýumlary çekmek, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýokary depginli maýa goýum syýasatyny alyp barmak üçin zerur şertler üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy taýdan durnuklylygynyň, kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagynyň, içerki bazarda energiýa göterijileriniň bahalarynyň bäsdeşlige ukyplydygynyň we durnukly derejede saklanýandygynyň, maýa goýumlaryň ygtybarly kepilini döredýän hukuk binýadynyň bolmagynyň türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýändigi, onuň maýa goýum babatda dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygy aýratyn nygtaldy.
Türkmenistan dürli ugurlar boýunça özara bähbitli, doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr hem-de innowasion häsiýetli önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen anyk taslamalara garamaga taýýardyr. Şunda iri maýa goýum serişdeleriniň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma beýan edildi. Şeýle-de forumyň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer. Umuman, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maýa goýum forumy Türkmenistanyň maýadarlar üçin uly gyzyklanma döredýändigini hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýedigini nobatdaky gezek tassyklap, milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça geljegi uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biri boldy.