Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
Jemgyýet
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
Çap edildi 01.09.2025
77

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ýaş nesillere bilimler we ylymlar dünýäsinde üstünlikler arzuw edilýär.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ilkinji okuw sapagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de şu ýylda 30 ýyllygy bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlandy.

Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň iň gowy nusgalary esasynda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm binýady emele getirýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere “Bilimli” atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Eziz Watanymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Hususan-da, jemi 2 müň 800 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdep, 1 müň 120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi. Dabaralara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherleriňdir obalaryň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabaralarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ösüşleriň binýadynda duran ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän, dünýäniň iri önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralary munuň aýdyň mysalydyr.

Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 160 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk, Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrunda 320 orunlyk, Bagtyýarlyk etrabynyň “Ýasmansalyk” ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar baglary açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet tarapyndan edilýän bimöçber aladalaryň netijesidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-bilim taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredildi. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly we owadan mebelleri bolan oýun, ýatakhana, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutuldy.

Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 960 orunlyk we 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň, Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabaralary hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. 400 orunlyk umumybilim berýän döwrebap orta mekdep Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Täze mekdeplerde amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty we giň okuw otaglary mugallymlardyr çagalaryň ygtyýaryna berildi. Ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda gurnalan multimedia we interaktiw enjamlar dersleri has içgin öwrenmäge ýardam berer. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bu ýerde aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalary, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar. Bu täze desgalaryň ählisiniň gurluşygynyň ýurdumyzyň bu ugurda ýöriteleşen hususy kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýratyn bellemek gerek.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler ýaş nesiller, olaryň bilim almagy, terbiýelenmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiziň ägirt uly işleri durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

1-nji sentýabrda ulanmaga berlen binalaryň açylyş dabaralary ýokary döredijilik galkynyşyny alamatlandyrýan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, ählihalk baýramçylygyna öwrüldi. Dabaralara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
01.09
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
01.09
Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow